Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kann kinofestiwaly zenan režisýoryň filmi bilen açylýar


Meşhur aktrisa Catherine Deneuve.
Meşhur aktrisa Catherine Deneuve.

Kann kinofestiwaly şu ýyl zenan režisýoryň filmi bilen açylýar.

Bu kinofestiwalyň açylyş dabarsy fransuz režisýory Emmanuelle Bercot-yň "Başyňy dik tutup" atly filmi bilen başlar.

Bu filmiň baş zenan keşbini meşhur aktrisa Catherine Deneuve ýerine ýetirýär.

Filmde ýetginjek jenaýatkär Meloniniň durmuş hekaýasy suratlandyrylýar.

Meloniniň durmuşyna we sud işine seredýän kazy, onuň durmuşyna goşulyşmaga synanyşýar.

Deneuve filmde kazy roluny ýerine ýetirýär.

Kann kinofestiwaly maý aýynyň 13-ne başlaýar. Bu festiwal 30 ýyla golaý wagtdan bäri ilkinji gezek zenan režisýoryň filmi bilen açylýar.

Şu ýylky festiwalyň obrazy hökmünde hem şwed-amerikan zenan aktrisasy Ingrid Bergman saýlandy.

Soňky ýyllarda uly kinostudiolar zenanlara garşy diskriminasiýany heniz hem aradan aýryp bilmezlikde we zenan režisýorlara az flmleri tabşyrmakda tankyt edilýärler.

XS
SM
MD
LG