Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganly: Netijeler

Häzir Çoganlynyň daçalygy gurluşyk materiallarynyň uly bazaryny ýadyňa salýar.
Häzir Çoganlynyň daçalygy gurluşyk materiallarynyň uly bazaryny ýadyňa salýar.

Çoganlynyň daçalaryny sökmek işleriniň dowam edýän pursaty, bu ýagdaýlar bilen belli bir derejede ilteşigi bolan wakalar hem orta çykdy.

Gurluşyk bazary

Häzir Çoganlynyň daçalygy gurluşyk materiallarynyň uly bazaryny ýadyňa salýar. Obanyň içinde gurluşyk materiallaryny satýan adamlary görmek bolýar. Olar bu ýerdäki jaýlary arzan bahadan satyn alyp, olary öz işgärlerine sökdürýärler.

Bu ýerdäki jaýlaryň iň arzany 1,5 müň dollar bolup, iň gymmatlarynyň bahasynyň 5-6 müň dollardan geçmeýändigini söwdagärleriň käbirleri aýdýarlar. “Iki etažly birnäçe otagly uly jaýlary 5 müň dollara satýarlar diýäýmeseň, galan jaýlary 2-2,5 müň dollara satyn alyp bolýar” diýip, maryly Mämmet gürrüň berýär.

Çoganly 'satylýar'

Çoganlyda ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen awtoulaglary görmek bolýar.
1/7 Çoganlyda ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen awtoulaglary görmek bolýar.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Ýerli ýaşaýjylara 1-nji iýuna çenli öz jaýlaryny sökmäge rugsat berildi.
2/7 Ýerli ýaşaýjylara 1-nji iýuna çenli öz jaýlaryny sökmäge rugsat berildi.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Çoganly posýolagynda daçalaryň, jaýlaryň satylýandygy baradaky bildirişleri ýygy-ýygydan görmek bolýar.
3/7 Çoganly posýolagynda daçalaryň, jaýlaryň satylýandygy baradaky bildirişleri ýygy-ýygydan görmek bolýar.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Jaýlaryň käbirleriniň üçekleri sökülen bolsa, käbirleri eýýäm tutuşlygyna diýen ýaly sökülip ýok edilipdir.
4/7 Jaýlaryň käbirleriniň üçekleri sökülen bolsa, käbirleri eýýäm tutuşlygyna diýen ýaly sökülip ýok edilipdir.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Ýük ulaglarynda sökülýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk materiallary daşalýar.
5/7 Ýük ulaglarynda sökülýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk materiallary daşalýar.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Howlularyň köpüsiniň haýatlarynyň ýumrulan ýerleri bar.
6/7 Howlularyň köpüsiniň haýatlarynyň ýumrulan ýerleri bar.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Çoganlydaky dürli göwrümli ýük ulaglarynyň kerweni.
7/7 Çoganlydaky dürli göwrümli ýük ulaglarynyň kerweni.
Çoganly daçalary gurluşyk harytlarynyň bazaryny ýatladýar.
Previous slide
Next slide

Mämmet bu ýere söwda etmäge gelenleriň biri. Onuň işgärleri Mämmediň satyn alan jaýyny söküp, gurluşyk materiallaryna öwürýärler. “Bular Mara, Daşoguza, Türkmenabada äkidilip satylýar. Bärik Balkandan gelenlerem bar” diýip, maryly Mämmet üýşüp ýatan gurluşyk materiallaryny görkezýär.

Bu gurluşyk materiallaryny gerekli ýerine äkidip bermäge taýýar bolup duran ýük awtoulaglary hem daçalygyň her bir köçesiniň başynda görmek bolýar. Bu ýerde ýeňil ýük awtoulaglar bilen birlikde uzyn treýlerler hem bar. Agyr ýüki götermek üçin kranlar hem öz müşderilerine garaşyp durlar.

Sökülen jaýlardan galan gurluşyk materiallary daçalygyň içinde hem satyn alsa bolýar. Käbir sökülen jaýlaryň ýerinde örülip goýlan kerpiçleri, tagtalary, penjireleridir, gapylary görmek bolýar. Öň ulanylan bu gurluşyk materiallaryny örän arzan saty alsa bolýar. Mysal üçin, bir penjiräni 20-30 manada, gapyny 30-40 manada satyn alyp bolýar.

Arenda

Çoganlynyň daçalygynyň sökülmeginiň yz ýany bilen paýtagtyň beýleki etraplaryndaky jaýlaryň arenda nyrhlary ýokarlandy. Belläp geçsek, Çoganlynyň daçalary ozal kireýine ýaşamak üçin Aşgabadyň çägindäki iň arzan ýerleriň biri hasaplanýardy. Bärde bir ýeri aýyna 60 manada hem kireýine alyp bolýardy. Bir aýlyk kireý tölegi ortaça 100 manatdan ýokary bolmaýardy.

Çoganly 'daşalýar'

Ulaglar bu ýerde ýumrulýan ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp, söküp gurluşyk materiala öwürýän söwdegärleriň ýüklerini daşaýarlar.
1/6 Ulaglar bu ýerde ýumrulýan ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp, söküp gurluşyk materiala öwürýän söwdegärleriň ýüklerini daşaýarlar.
Çoganly daçalarynda köp sanly ýük ulaglary peýda boldy.
Jaýlaryň ýumrulmagy bilen birlikde, sebitde polisiýanyň işgärlerini hem görmek bolýar.
2/6 Jaýlaryň ýumrulmagy bilen birlikde, sebitde polisiýanyň işgärlerini hem görmek bolýar.
Çoganly daçalarynda köp sanly ýük ulaglary peýda boldy.
Çoganlynyň daçalaryny satyn alýanlaryň aglabasy welaýatlardan gelen türkmenistanlylar.
3/6 Çoganlynyň daçalaryny satyn alýanlaryň aglabasy welaýatlardan gelen türkmenistanlylar.
Çoganly daçalarynda köp sanly ýük ulaglary peýda boldy.
Çoganlynyň ýaşaýjylary öz jaýlaryny degişlilikde arzan bahadan satýarlar. 3-4 otagly ýaşaýyş jaýlary 2 müň çemesi dollara satylýar.
4/6 Çoganlynyň ýaşaýjylary öz jaýlaryny degişlilikde arzan bahadan satýarlar. 3-4 otagly ýaşaýyş jaýlary 2 müň çemesi dollara satylýar.
Çoganly daçalarynda köp sanly ýük ulaglary peýda boldy.
Gurluşyk materiallaryny daşap barýan ulaglar.
5/6 Gurluşyk materiallaryny daşap barýan ulaglar.
Çoganly daçalarynda köp sanly ýük ulaglary peýda boldy.
6/6
Çoganly daçalarynda köp sanly ýük ulaglary peýda boldy.
Previous slide
Next slide

Şol sebäpden welaýtlardan gelip işleýän işçi migrantlaryň köpüsi bu ýerde ýaşaýardylar. Häzir olar paýtagtyň beýleki raýonlaryndan kireýine ýaşaýyş jaýlaryny tapmaly bolýarlar. Olaryň käbirleri paýtagtyň Hitrowka, Berzeňňi ýaly raýonlaryna gidýän bolsalar, käbirleri Şordaky daçalyga barýarlar. Emma Çoganlyny terk etmäge mejbur bolan ildeşlerimiz paýtagtyň özünde we golaý-goltumdaky beýleki etraplarda jaý kireýiniň gymmatdygyny aýdýarlar.

“Mundan ozalam Çoganlydakydan gymmatdy. Häzir bolsa hasam gymmatladýarlar. Häzir paýtagtdaky käbir raýonlarda jaý kireý tölegi azyndan 40 mant ýokary galdy. Sebäbi Çoganly ýumrulansoň, başga arzan ýer ýok” diýip, daşoguzly gurluşykçy Oraz aýdýar.

Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşen Çoganly daçalygy paýtagt boýunça iri raýonlaryň biri diýse hem boljak. Bu ýerde 13 müň töweregi daça uçastogy bolup, olarda müňlerçe adam ýaşýardy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG