Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew gaýtadan prezident saýlandy


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň suratynyň öňünden geçip barýan adam.
Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň suratynyň öňünden geçip barýan adam.

Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 26-njy aprelde geçirilen saýlawlarda ýurduň häzirki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň sesleriň 97,7%-ni alyp, bäşinji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdi.

Gazak saýlawlarynda Nazarbaýewiň ýeňiş gazanjagyna öňünden garaşylýardy. Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Kuandyk Turgankulowyň 27-nji aprelde beren maglumatyna görä, saýlawlara ilatyň 95,22%-i gatnaşypdyr.

Gazagystana 25 ýyl töweregi wagt bäri baştutanlyk edip gelýän 74 ýaşly Nazarbaýew ýurtdaky oppozisiýa basyş we azat media berk gözegçilik etdi.

Nazarbaýewiň saýlawlardaky beýleki iki garşydaşyna, emeli bäsdeşligi döretmek üçin prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrylan hökümete tarapdar şahsyýetler hökmünde garaldy.

XS
SM
MD
LG