Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen emeli hemrasy kosmosa çykdy


ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmodrom, 2015
ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmodrom, 2015

Türkmenistanyň ilkinji telekommunikasiýa hemrasy Ýeriň daşyndaky orbitada ýerleşdirildi.

Ýurduň “TürkmenÄlem 52°E” ilkinji aragatnaşyk emeli hemrasy ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan 27-nji aprelde uçuryldy we “Falkon 9” raketa göteriji tarapyndan orbita çykaryldy.

Türkmen emeli hemrasynyň kosmosa uçurylyşy raketany göterijide berkidilen kamera arkaly görkezildi.

ABŞ-daky “SpaceX” kompaniýasynyň meýdançasy bilen Aşgabadyň arasynda guralan tele-köprä Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow gatnaşdy.

G.Berdimuhamedow ýurduň emeli hemrasynyň orbita çykarylmagy bilen türkmen halkyny gutlap, Türkmenistanyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini we sputnik sistemasy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň möçberli iş alyp barýandygyny belledi diýip, resmi maglumatlarda aýdylýar.

“TürkmenÄlem 52°E” satelliti öz orbitadaky nokadyna ýetensoň, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygy ýola goýjakdygy, yz ýany-da onuň ähli sistemalary synagdan geçirilip, bu kosmiki apparaty dolandyrmak işini türkmen hünärmenleriniň öz üstüne aljakdygy habar berildi. Türkmen hünärmenleriniň degişli ugurdan daşary ýurtlarda bilim alyp, tejribe toplandygy aýdylýar.

Türkmen mediasy, Türkmenistanyň kosmiki döwletleriň düzümine girendigini habar berip, ýurduň emeli hemrasyny kosmosa uçurmak akaly onuň milli tele-radio gepleşikleriň efire berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de göni efirde telegepleşik geçirmek we internetiň ýokary hilli sistemasyny ýola goýmak, uzakdan bilim almak we telemedisinany öňe sürmek işlerine güýçli itergi bermegine garaşylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň emeli hemrasy ýurduň sargydy boýunça Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan guruldy.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, agramy 4,500 kilogramlyk “TürkmenÄlem 52°E” satelliti Merkezi Aziýada, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada 1.2 milliarddan gowrak adamy telewizion gepleşikler we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmäge ukyply bolar.

“Uçurylyş Türkmenistanyň kosmiki ýurt hökmünde ösüşi üçin ilkinji zerur bolan ädim”, diýip “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Jean Loic Galle emeli hemranyň uçurylyşynyň öňüsyrasynda “SpaceX” kompaniýasynyň wideo translýasiýasynda aýtdy.

Türkmen satellitiniň kosmosa çykarylyşy düýbi Kaliforniýada ýerleşýän “SpaceX” ady bilen tanalýan “Space Exploration Technologies” hususy kompaniýasy üçin jemi 18-nji we soňky iki hepdeden az wagtyň dowamynda hem ikinji uçurylyş boldy.

Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň kosmosa uçurylmagy ýurtda ilatyň arasynda örän meşhur sputnik antennalary ýok etmek boýunça häkimiýetler tarapyndan alnyp barylýan kampaniýa gabat geldi. Sputnik antennalary ilata beýleki ýurtlaryň satellit telekanallaryny tutmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň milli mediasy häzire çenli doly döwlet gözegçiliginde saklanýar.

XS
SM
MD
LG