Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur ýylan oýnunyň dowamy gelýär


"Snake Rewind" oýny.
"Snake Rewind" oýny.

Meşhur “Snake” oýny smartfonlar üçin täzelenýär.

1976-njy ýylda “TRS-80” kysymly kompýuter üçin döredilen “Snake” oýuny 1990-njy ýyllaryň soňunda mobil telefonlar üçin taýýarlanypdy. Bu oýny oýnamadyk örän az adam bar bolsa gerek.

“Nokia” mobil telefonlarynda meşhur bolan bu oýunyň soňky ýyllarda “Google Play” we “AppStore”-da meňzeşleri çykypdy.

Ilat arasynda “ýylan oýny” ady bilen tanalýan bu oýun ýakyn günlerde iOS, “Android” we “Windows Phone” platformaly tehnologik enjamlar üçin hem taýýarlanar.

“Snake” oýnunyň döredijisi Taneli Armanto bu oýny akylly mobil telefonlary üçin täzeden özleşdirýär.

“Snake Rewind” atly oýunyň 14-nji maýdan başlap akylly mobil telefonlaryň programma dükanlarynda ýerleşdirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG