“Google” kompaniýasy mobil telefonlardan we stoluň üstünde goýlup işlenýän tehnologik enjamlardan edilýän "Google" gözlegleri bilen baglanyşykly gyzykly bir maglumaty mälim etdi.
“Google Adwords”-yň resmi blogunda berilýän maglumata görä, “Google”-da mobil enjamlar arkaly gözleg edilen sözleriň sany stoluň üstünde goýlup işlenýän tehnologik enjamlar arkaly gözlenen sözleriň sanyndan geçipdir.
Bu maglumat “Google” gözlegleri barada 10 döwletiň, şol sanda Kanadanyň, Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň netijelerini öz içine alýar.
Bu derňewlerde planşetler hem stoluň üstünde goýlup işlenýän tehnologik enjamlaryň kategoriýasyna goşuldy.
“Google” kompaniýasy mobil enjamlar arkaly edilýän "Google" gözlegleri ýeňilleşdirmek üçin täze gurallary we usullary hem hödürledi.