Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gunduz: "Talybana" YD kömekleşýär


Ozalky "Talyban" jeňçileri ýaraglaryny tabşyrmazlaryndan öň surata düşýärler. Gunduz, 6-njy maý, 2015.
Ozalky "Talyban" jeňçileri ýaraglaryny tabşyrmazlaryndan öň surata düşýärler. Gunduz, 6-njy maý, 2015.

Demirgazyk Owganystandaky resmiler geçen aý hökümetiň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüme başlan «talyban» söweşijilerine «Yslam döwleti” toparynyň daşary ýurtly söweşijileriniň hem goşulandygyny aýdýarlar.

Gunduz welaýatynyň gubernatory Mohammad Omer Safi AÝ/AR-syna 24-nji aprelden bäri söweş gidýän ýerden 18 sany daşary ýurtlynyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ölenleriň arasynda täjigistanly, özbegistanly, gyrgyzystanly, türkiýeli we çeçenistanly jeňçileriň jesetleri tapylypdyr.

Welaýat polisiýasynyň başlygy Abdul Sabur Nasrati AÝ/AR-syna “Biz welaýatda YD söweşijileriniň bardygyny görmezlige salyp bilmeýäris» diýdi.

Ali-Abad, Çardara, Ymam Sahib we Gul Tepe töwereklerinde, Gunduz paýtagtynyň demirgazyk-günbataryndaky söweşler 10-njy maý güni irden hem dowam etdi.

BMG-niň bosgunlar edarasy 100 müňden gowrak adamyň ýaşaýan ýerinden bosandygyny we olaryň gyssagly ynsanperwerçilik kömegine mätäçdigini aýdýar.

Ýaşaýan ýerinden bosdurylanlaryň köpüsi Gul Tepeden, bu ýerde «Talyban» özüne pozisiýa gurundy.

Şeýle-de Ymam Sahibden, Gunduz şäheriniň 50 km çemesi demirgazygyndaky etrapdan kän adamyň oturan ýerinden bosdurylandygy aýdylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG