Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 20-nji hepde

1
Aşgabadyň Şor daçalygyndaky ýaşaýyş jaýlaryň biriniň daşynda ýazylan bildiriş. Aşgabadyň etegindäki Şor posýology bilen ýanaşyk oturan Şor daçalarynyň ýaşaýjylaryna öz jaýlaryny söküp aýyrmaklary barada resmiler tarapyndan duýduryş berilendigi aýdylýar. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, jaýlaryny söküp aýyrmadyk ýaşaýjylaryň jaýlarynyň ýykyljakdygy mälim edilipdir.

2
Balkanabatda çagalar agajyň gapdalyndaky gum depesine çykyp oýnaýarlar.

3
Aşgabatda çäreden gaýdyp barýan studentler.

4
Aşgabadyň komunal hojalyk edarasynyň işgärleri Magtymguly köçesi bilen Andalyp köçesiniň çatrygyny arassalaýarlar.