Orsýetiň Sankt-Peterbur şäheriniň alkymyndaky kiçijik bir obada şenbe güni, 16-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň rim imperatory hökmünde şekillendirilen heýkeliniň açylyş dabarasy gurnaldy.
Sankt-Peterburgyň «Irbis» kazaklar toparynyň lideri Andreý Polýakow prezident Putiniň heýkeliniň açylyş dabarasyndan soň «Roýters» habar gullugy bilen söhbetdeşlikde rus halkynyň, şol sanda kazaklaryň Wladimir Putini bir gün imperator edinmekleriniň mümkindigini aýdyp, şeýle diýdi:
"Meniň pikirimçe, kazaklar megerem, döwlet simwoly hökmünde, bütin ömrüne Orsýetiň ykbaly barada alada edýän ömürlik imperator edinmek isleýärler. Prezidentler gelýär hem gidýär, emma imperator, simwol hökmünde, Orsýet üçin zerurlyk bolsa gerek. Belki-de, Wladimir Putin bir gün prezidentlikden çekilse, halk, şol sanda kazaklar biziň prezidentimizi imperator ediner."
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.
Teswirleri gör (4)
Has köp teswir ýükle