Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Blatteri gutlady


Sepp Blatter.
Sepp Blatter.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin FIFA-nyň, ýagny Futbol boýunça halkara assosasiýasynyň başlyklygynyna Sepp Blatteriň saýlanmagy mynasybetli, Blatteriň adyna gutlag hatyny ýollady.

Kremliň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, Putin öz hatynda Blatteriň “tejribesi, professionallygy we abraýy” dünýä bounça futbolyň meşhurlygyny artdyrmaga ýardam etjekdigine “ynam bildiripdir”.

2018-nji ýyldaky Futbol boýunça dünýä çempionaty Russiýada geçmeli.

29-njy maýda Blatter eýýäm bäşinji gezek FIFA-nyň başlyklygyna saýlanypdy. Mundan iki gün öň, ABŞ-nyň bildiren korrupsiýa aýyplamalarynyň esasynda şweýsar polisiýasy FIFA-nyň ýedi resmisini tussag edipdi.

Şeýle-de Şweýsariýanyň resmileri Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 2018-nji ýylda Russiýada we 2022-nji ýylda Katarda geçirmek barada kabul edilen kararlary seljermek üçin derňewe başladylar.

XS
SM
MD
LG