Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 23-nji hepde
5
Aşgabadyň awtokombinat diýlip atlandyrylýan duralgasynda ulaglara tehniki gözegçilik etmek üçin niýetlenen ýer. Bu ýere oklanýan zir-zibilleriň wagtynda arassalanmaýandygy aýdylýar.
6
Balkanabat şäherinde S.Nyýazowyň monumentiniň öňündäki suw çüwdüriminde suwa düşýän çagalar. Türkmenistanda howanyň gyzmagy netijesinde çagalaryň golaý-goltumdaky suw çüwdürimlerde suwa düşýändigi habar berilýär.
7
Aşgabadyň Çoganly daçalygyndaky jaýlardan galan harabaçylygyň arasynda galan bildirişleriň biri. Bu daçalyklardaky jaýlaryň ýykyljakdygy barada maglumatlar ýaýradylandan soň, bu sebitiň ýaşaýjylary öz jaýlarynyň daşyna bildirişler asyp başladylar. Bildirişlerde jaýlaryň satyljakdygy habar berildi.
8
Aşgabatdaky gelinalyjy awtoulaglarynyň biri.