Balkan welaýatynyň Nebitdag şäheriniň öňki demirýol wokzalynyň golaýynda ýerleşýän “125A” we “136A” kwartallaryndaky käbir ýaşaýyş jaýlarda ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň ýeterlikli däldigi, kanalizasiýa turbalarynyň çekilmändigi habar berilýär. Bu iki kwartalyň arasyndan Nebitdag şäherinde döredilen ilkinji köçe diýlip aýdylýan – Berdi Kerbabaýew adyndaky köçe geçýär. Aşakdaky fotosergide gürrüňi edilýän kwartallardaky jaýlardan käbir suratlary görüp bilersiňiz.
Nebitdag: Göz-gülban jaýlar
5
Bu kwartallaryň ýerleýän sebitinde elektrik togunyň hem kadaly däldigi, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly “oýnap” durýandygy habar berilýär.
6
Nebitdag şäheriniň merkezinden takmynan 3-4 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu sebitde transport gatnawynyň ýola goýulmandygy, şol sanda awtobus gatnawynyň hem ýokdugy aýdylýar. Ýaşaýjylaryň şäheriň merkezine barmakda kynçylyk çekýändigi bellenilýär.
7
Awtoulaglar üçin niýetlenen garažlar we hajathanalar. Ýaşaýjylar kanalizasiýa ulgamyny çekip, täze transformatory goýup bermegi haýyş edip, ençeme gezek häkimliklere ýüz tutandyklaryny aýdýarlar. Emma olaryň bu haýyşyna henize çenli jogap berilmändir.