Balkan welaýatynyň Nebitdag şäheriniň öňki demirýol wokzalynyň golaýynda ýerleşýän “125A” we “136A” kwartallaryndaky käbir ýaşaýyş jaýlarda ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň ýeterlikli däldigi, kanalizasiýa turbalarynyň çekilmändigi habar berilýär. Bu iki kwartalyň arasyndan Nebitdag şäherinde döredilen ilkinji köçe diýlip aýdylýan – Berdi Kerbabaýew adyndaky köçe geçýär. Aşakdaky fotosergide gürrüňi edilýän kwartallardaky jaýlardan käbir suratlary görüp bilersiňiz.
Nebitdag: Göz-gülban jaýlar

1
Sowet döwründe gurlandygy aýdylýan bu ýaşaýyş jaýlarynda şol döwürden bäri abatlaýyş işleriniň geçirilmändigi, şol sebäpden ýaşaýjylaryň öz hasaplaryna remont işlerini geçirýändigi aýdylýar. Käbir jaýlaryň diwarlarynyň opurlandygyny, käbirleriniň bolsa içindäki zeminleriň ýiti zaýalanandygyny, şol sebäpden jaýlaryň käbir gatlaryna ýumrulmak howpunyň abanýandygyny bu sebitde ýaşaýan ýaşaýjylar belleýärler.

2
Nebitdag şäheriniň iň köne kwartallarynyň käbirleri diýlip hasaplanylýan bu jaýlarda kanalizasiýa ulgamy ýok. Bu sebitiň ýaşaýjylarynyň käbirleri öz hasaplaryna kanalizasiýa ulgamlaryny çekdirendiklerini aýdýarlar. Ýaşaýjylaryň galanlary bolsa köçede gurlan hajathanalardan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

3
Ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda gurlan hajathana. Bu sebitdäki jaýlara nasos arkaly suw çekilen bolsa-da, şol suwlary ýa-da hapa-hupa suwlary akdyrmak üçin kanalizasiýa turbalary ýok. Şol sebäpden hem ýaşaýjylar öýlerinde ýygnanan hapa suwlary bedrelerde toplap, jaýyň daşyndaky hajathanalara dökmeli bolýarlar. Şol bir wagtyň özünde bu jaýlara nasos arkaly çekilen suwuň hem zeňlidigini ýaýajylar belleýärler.

4
Käbir jaýlaryň üçekleriniň bölekleýin döwülendigini, ýagyş ýagan mahaly jaýyň içine suw akýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Şeýle-de, jaýyň girelgelerindäki agaçdan ýasalan basgançaklar hem ep-esli zaýalanandygy sebäpli, munuň ýaşaýjylara howp abandyrýandygy bellenilýär.