Azerbaýjanyň orta mekdepleriniň we kollejleriniň 17 müň 859 studenti “Baku-2015” I Ýewropa oýunlaryna meýletinçi hökmünde gatnaşýar.
Azerbaýjanyň Bilim ministrliginiň “apa” habar websaýtyna beren maglumatyna görä, şol studentleriň 5 müň 612 sanysy I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda bolşy ýaly, dabaranyň jemleýji dabarasyna hem gatnaşar.
12 müň 247 student bolsa, Ýewropa oýunlary bilen baglanyşykly beýleki çärelere gatnaşyp, goldaw berýär.
Azeri ministrliginiň maglumatynda “SABAH-yň meýletinçileri” atly programmanyň agzalarynyň hem bu çärelere işjeň gatnaşýandygy habar berilýär.
“SABAH-yň meýletinçileri” programmasynyň çäginde Bilim ministrliginiň “SABAH” toparlarynda bilim alýan meýletinçiler “Baku-2015” I Ýewropa oýunlaryna öz goldawlaryny bildirmek üçin “SABAHFest” atly festiwaly geçirýärler.