Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Aşgabatdan 'ýiten' tussaglary sorady


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýewropa Bileleşiginiň ýaýradan resmi maglumatynda 17-nji iýunda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji tapgyry geçirildi diýlip habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi toparyna ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň baştutanlyk edendigi, şeýle-de Adalat, Içeri işler we Demokratiýa hem adam hukuklary boýunça milli institutynyň wekilleriniň we parlamentiň Adam hukuklary boýunça komitetiniň ýolbaşçysynyň gatnaşandygy aýdylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasyna Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Toiwo Klaar baştutanlyk etdi.

Resmi maglumatda gepleşikleriň konstitusion reformalar, tussaghanalardaky şertler, söz azatlygy we hereket azatlygy ýaly ençeme meseläniň maslahat edilmegine mümkinçilik berendigi bellenilýär.

Bildirilen aladalanma

ÝB Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy, şol sanda gynamalaryň ulanylmagy baradaky maglumatlar bilen bagly uly aladalanmalaryny ýene bir gezek gaýtalady diýip, resmi maglumatda aýdylýar. ÝB Türkmenistanyň hökümetini tussaglykda ýitirim bolan tussaglaryň ýagdaýy we olaryň ýerleşýän ýeri barada maglumatlary aýan etmäge, halkara synçylarynyň türmelere baryp görmegini ýola goýmaga we BMG-niň ýörite proseduralary esasynda işleşmäge çagyrdy.

ÝB öz maglumatynda Türkmenistany Internet elýeterligini çäklendirmezlige we websaýtlary petiklemegini bes etmäge çagyrandygyny hem-de adamlary öýlerinden çykarmak, olaryň ulanýan çanak antennalaryny zor bilen ýok etmek baradaky maglumatlar boýunça düşündiriş bermegi sorandygyny habar berýär. ÝB resmi häkimiýetleriň raýat, ýagny graždan jemgyýetine edýän güýçli basyşlaryna, din we ynanç azatlygyna goşulyşmaklygyna hem aladalanma döredýän mesele hökmünde üns beripdir.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň hökümetiniň amala aşyrýan ynamly reformalaryny goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

ÝB-niň Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça Aşgabatda geçiren bu dialogynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy regional we halkara guramalar gepleşiklerde takyk problemalaryň öňe sürülmegini we türkmen hökümetinden edilen işler barada hasabat soralmagyny ündediler, Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegine degişli faktlar boýunça degişli maglumatlary ýaýratdylar.

ÝB-niň pozitiw bellikleri

Resmi maglumatlarda ÝB-niň Türkmenistanyň giňişleýin konstitusion reformalaryň çäginde ombudsmen institutyny döretmek planyny makullap, Ýewropa Bileleşiginiň kanunyň hökmürowanlygy platformasynyň esasynda özara hyzmatdaşlygy tassyklandygy habar berilýär.

Türkmenistan ombudsmen, ýagny adam hukuklary boýunça ýurduň ýörite wekiliniň wezipesini döretmek planyny şu ýylyň ýanwar aýynda yglan etdi. Türkmenistanyň prezidenti ombudsmen institutynyň döredilmeginiň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň konstitusiýanyň kepilligi bolan döwlet baştutanynyň bu ugurdaky işinde ägirt uly ýardamçy boljakdygyny aýdypdy.

Ýewropa Bileleşiginiň dialogda pozitiw diýip bellän bellikleriniň arasynda 2014-nji ýylda Türkmenistanyň birnäçe dini tussagy boşadandygy, prezidentiň 2015-nji ýylyň maý aýynda yglan edilen günä geçişligi agzaldy we ÝB-niň Türkmenistany indiki günä geçişlikleri tussaglykdaky syýasy aktiwistleri, adam hukuklaryny goraýjylary we parahatçylykly dini toparlaryň agzalaryny boşatmak üçin ulanmaga ündändigi aýdylýar.

ÝB we adam hukuklary

Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny ählumumy we bozulmasyz diýip hasaplaýandygyny we hyzmatdaşlyk hem söwda boýunça ähli ylalaşyklarda, taraplar arasyndaky gatnaşyklarda adam hukuklarynyň esasy orun tutýandygyny aýdýar.

ÝB-niň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň 1998-nji ýylda gol çekilen Wagtlaýyn söwda ylalaşygy esasynda dolandyrylyp, Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň ÝB-niň ýurtlary we Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

ÝB-niň we Tükrmenistanyň arasynda 2008-nji ýylda Energiýa ugrundan hyzmatdaşlyk boýunça düşünişmeklik memorandumyna hem gol çekilipdi.

Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça indiki dialogyň 2016-njy ýylda Brýusselde geçiriljekdigi aýdyldy. Birinji gezek bu dialog 2008-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi

XS
SM
MD
LG