Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 25-nji hepde

1
Ahal welaýatynyň Manyş obasyndaky harby bölümiň golaýyndaky bagda garbanýan ene-atalar. Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gulluga alnan esgerleriň kasam ediş çäresine olaryň ene-atalary hem barýar. Şol çäreden soň, ene-atalar öz esger ogullary bilen iýip-içip oturyp bilýändigi habar berilýär.

2
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki seýilgähleriň birinde “pagta süýji” satýan söwdagär.

3
Balkanabat şäherinde taýak bilen oýnaýan oglanjyk.

4
Aşgabatdaky Goçgarata gonamçylygynyň bir bölegi. Aşgabadyň köçeleriniň birinde amala aşyrylýan gurluşygyň Goçgarata gonamçylygynyň üstünden geçýändigi habar berilýär. Maglumata görä, bu sebitde gurulýan köpriniň köçä birikýän ýeriniň öwlüýäniň kiçi böleginiň üstünden geçmegi netijesinde bu ýerdäki jesetleriň üstünden gum dökülipdir.