Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Nokia” öz mobil telefonlaryny öndürer


Nokia.
Nokia.

Finlandiýanyň “Nokia” kompaniýasy özüniň mobil telefonlarynyň önümçiligine gaýtadan başlaýar. “Nokia” bu çärä “Microsoft” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy tamamlanandan soň girişer.

“Reuters” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, “Nokia” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Rajiw Suri bu barada Germaniýanyň “Manager Magazin” atly neşirine beren maglumatynda mälim edipdir.

“Biz özümiz bilen işleşip biljek hyzmatdaşlarymyzy gözläris. “Microsoft” mobil telefonlary öndürýär. Biz özümiz mobil telefonlaryň şeklini çyzyp, soňra olary lisenziýalaşdymagyň ugurlaryny gözläris” diýip, Rajiw Suri belledi.

Bu aralykda, Suriniň eden bu çykyşyndan bir gün öň “Nokia”-nyň öňki ýerine ýetiriji direktory Stephan Elop “Microsoft” kompaniýasyndaky wezipesinden çekildi. Kompaniýa muny täze dolandyryş ulgamynyň girizilmegi bilen baglanyşdyrdy.

“Nokia” kompaniýasynyň mobil telefonlary öndürmäge gaýtadan başlajakdygy hakda şu ýylyň aprel aýynda metbugatda maglumatlar peýda bolansoň, kompaniýa muny ret edipdi.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda “Nokia” kompaniýasy öz mobil biznesini 5,4 milliard ýewro “Microsoft” kompaniýasyna satandygyny mälim edipdi we satuw 2014-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanypdy.

XS
SM
MD
LG