Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrantlaryň Oraza aýyndaky durmuşy


Stambuldaky metjitleriň biri.
Stambuldaky metjitleriň biri.

Siz Türkiýede işleýän, iş rugsady bolmadyk we agyr zähmet bilen meşgullanýan türkmenistanly zähmet migrantlaryndan birimi? Eger şeýle bolsaňyz, oraza aýy sebäpli, gurluşuk ýaly pudaklarda işleriň çäklendirilmegi ýa-da düýbünden ýatyrylmagy siziň durmuşyňyza nähili täsirini ýetirýär? Siz şonuň ýaly ýagdaýlardan nähili baş alyp çykýarsyňyz?

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlaryň orazadaky durmuş hem iş şertleri hakda gürrüň edilýär. Gepleşige sizi hem gatnaşmaga çagyrýarys.

Bu temadan öz pikirleriňizi aşakdaky forumda teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz, eger gepleşige gatnaşmakçy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyň, adresimiz: hat@azatradio.org, siz bilen özümiz habarlaşarys.

XS
SM
MD
LG