Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şekspiriň doglan şäherinde gan döküldi


Şekspiriň doglan öýi.
Şekspiriň doglan öýi.

"Aslynda gan dökülmezden owalam, Stratford diýseň meşhurlyk gazanan bir turistik şäherdir".

Şekspir turizmi

Şekspiriň doglan şäherinde geçen hepde adam öldürilipdir. 36 ýaşyndaky bir adamyň janyna edil köçäniň ortarasynda kast edipdirler. Ol adamyň öldürilmezden owal gaty ylgap gaçandygy mälim bolupdyr. Gan edil Roýal Şekspir teatrynyň arkasynda dökülipdir.

Polis teatryň köçesini baryş-gelişe ýapypdyr. Gan döküşlik bilen baglanşykly şübheli hasaplanan iki zenan bilen iki sany erkek adam tussag edilipdir.

"Bu şäherde hemişe ummasyz köp turist bolýar. Gynansagam gaty köp turistiň bu jana kest edilşigi gören bolmagy ahmal. Stratfordyň adamlaryň arasynda şeýle elhenç waka bilen ýatlanmagyny hiç wagt islemändik. Bu ýerde şeýle ýagdaýlar setanda-seýranda bolýar. Bu ýer aslynda gaty asuda hem howpsyz ýerdir" - diýip, polis metbugata beýannama beripdir.

Hiç wagt biynjalyk bolmaly däl. Şekspire gelişýän ýagdaý hem hut şeýledir ýagny durmuşyň teatrynda hemişe pajygaly hem gowgaly ýagdaýlara şaýatlyk edilmelidir. Aslynda gan dökülmezden owalam Stratford diýseň meşhurlyk gazanan bir turistik şäherdir.

Şekspiriň adyndan pul gazanar ýaly kellä geljek nähili zat bar bolsa, olaryň hemmesi edilipdir şol şäherde. Howa, bu ýere şäher diýýäris, sebäbi dogrydanam şähere meňzeýär ýagny şäher ýaly bir ýerdir. Tebigaty hem diýseň owadan. Awon çaýy we adamyň el hünäri şeýle gözellige öz goşandyny goşupdyr.

Stratforduň iki uly köçesini durşy bilen Şekspire bagyş edipdirler. Galan ýerlerde bolsa halk öz ugryna ýaşap ýörendir. Mekdebe hem işine gidip ýörendir adaty ýagdaýda...

Şekspire bagyş edilen merkezi köçelerde Şekspir muzeýi, onuň ýanynda Şekspir merkezi, onuňam ýanynda Şekspiriň doglan öýi ýerleşýändir. Şeýle üç sany esasy ýeriň töwereginde Şekspiriň kitaplaryny satýan dükanlar, süýji tagamlar bilen sogwatlyk harytlar satýan dükanlar we Şekspir kafeleri ýaýran oturandyr... Şekspir teatryna gidenler bolsa muňa parallel köçeden ýöremeli bolýarlar.

Şekspiriň doglan öýüniň gapysy hem penjireleri ýapykdyr we öýüň içi boşdyr. Ýöne öýe bir gyrasyndan seredip bolýandyr. Şeýle boş hem köneje jaý dogrydanam görmäge gelýän adamlaryň göwnünden turýar. Öýüň gapysyny ýapyp, boş saklanmagynyň hem munda uly täsiri bar bolsa gerek. Öý eýesiz, taşlanan ýaly ýagdaýda durandyr. Oňaryş işleri geçirilenem bolsa ol jaýyň görnüşi kän öwerlikli däl.

Şekspiriň muzeýinde bolsa onuň durmuşynda, döredijilik ylhamynda esasy rol oýnan goş-golamlar halka görkezilýär. Şekspiriň teatrynda bolsa ýylyň dowamynda diňe Şekspiriň oýunlary sahna goýulýar.

Dükanlar barada söz açylanda bolsa, olaryň maslahadyna görä, Şekspiriň suraty çekilen şlýapa, Şekspiriň suraty çekilen köýnek we jalbar bilen aýagyňa-da Şekspirli ädik geýip, eliňde Şekspir saýawanyny tutsaň, egniňdenem Şekspiriň aforizmleri bilen bezelen horjuny assaň senden gowy adam ýok. Şekspiriň günüinde hut şeýle edýänler bar. Wenada Mozartyň biznesi edil bular ýaly däldir.

Beýik dramaturga bagyşlanan merkezi köçelerde edebiýatyň ruhy. Şekspiriň ruhy ýokdyr. Gaýtam ol ýerde gaty güýçli kommersiýa ruhy bardyr. Söwda-satyk bardyr. Şeýle-de surata düşürýän enjamlaryň surata alýan mahaly çykarýan sesleriniň ýaňy bardyr...

Bu ýere hökümetiň "Şekspiriň Angliýasy" diýip atlandyrylan ýörüte turizm topary seredýändir.

XS
SM
MD
LG