Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow: Terroristler regiony ‘durnuksyzlaşdyrjak’ bolýarlar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow

Türkmenistan Owganystana gelen terroristleriň ýurduň hem-de regionyň howpsuzlygyny bozmagy maksat edinýändikleri baradaky garaýşy goldaýandygyny mälim etdi.

Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň prezidenti bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýtdy diýip, owgan prezidentiniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Reşid Meredowyň baştutanlygyndaky delegasiýasy ýokary derejeli owgan resmileri bilen duşuşygynda terrorizm we neşe gaçakçylygy ýaly meseleleriň diňe Owganystanyň problemasy bolup galmaýandygyny nygtady.

Reşid Meredow ýokarky meselelere garşy durmak üçin sebitiň we dünýäniň döwletleriniň özara hyzmat etmelidiklerini aýdyp, Aşgabadyň owgan parahatçylyk prosesini goldaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Duşuşygyň dowamynda owgan prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitlerindäki howpsuzlyk ýagdaýlara hem ünsi çekdi.

Gani bar bolan howpsuzlyk meseleleri sebäpli, käbir uly ykdysady proýetkleriň depgininiň gowşan bolmagynyň mümkindigini aýdyp, ýurduň demirgazygyndaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny durnuklaşdyrmak ugrunda tagallalaryň alnyp barylýandygyny nygtady.

Owgan prezidenti Türkmenistanyň ýurduň iň esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň dowamly häsiýete eýe bolmagyny isleýändigini hem nygtady.

Aşraf Gani Türkmenistanyň prezidentiniň Owganystana etmeli saparynyň dowamynda eleltkrik üpjünçiligi; Owganystan-Türkmenistan-Eýran we Owganystan-Türkmenistan-Täjigistan demirýol proýektleriniň-de maslahat ediljekdigini aýtdy.

Sişenbe güni Meredow Owganystanyň hökümet ýolbaşçysy Abdylla Abdylla bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda energiýa we syýasy hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bir hatarda “Yslam döwleti” toparynyň salýan howpy barada hem gürrüň edilipdir.

Abdyllanyň metbugat wekili Jawid Faýsalyň aýtmagyna görä, owgan tarapy esasan terrorizme garşy göreş boýunça gurulmaly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtapdyr.

XS
SM
MD
LG