Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasylyň pes bolmagyna näme sebäp bolýar?


19-njy awgustda Türkmenistanda bugdaý ekişligi başlandy. Şu ýyl ýurt boýunça 760 müň gektar ýere güýzlik bugdaý ekilip, ondan 1 million 600 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Bugdaý ekilmeli meýdan we alynmagy meýilleşdirilýän hasyl hem geçen ýylky bilen deň. Ýöne geçen güýzde ekilen bugdaýdan alnan hasyl 1 million 50 müň tonna bolupdy, bu göz öňünde tutulandan 550 müň tonna az bolandygyny aňladýar.

Eýse, galla hasylynyň pes bolmagyna näme sebäp bolýar?

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew daýhanlaryň we kärendeçileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, bu soraga jogap tapmaga synanyşdy. Raporty diňlemek üçin aşakday düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:27 0:00

XS
SM
MD
LG