Soňky ýyllarda Türkmenistanda beýleki desgalar bilen bir hatarda welaýat merkezlerinde muzeýler gurulýar. Olaryň biri hem mundan üç ýyl çemesi wagt ozal gurlan Balkan welaýat Ülkäni öwreniş muzeýidir.
Gurluşygyna birnäçe million amerikan dollary möçberinde pul serişdesi harçlanan bu muzeýde iş orunlarynyň 50%-i çemesiniň boş durandygy habar berilýär.
Eýse, munuň nähili sebäpleri bolup biler?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, ýakynda Balkan welaýatyna sapar eden ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.