Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 35-nji hepde

1
Gurluşyk işleri sebäpli gazylan çukurdan geçmäge synanyşýan zenan. Aşgabatda "Garaşsyzlygyň on bäş ýyllygy" söwda merkeziniň öňünde alnyp barylýan gurluşyk-gazuw işleriniň bu ýere barýan alyjylara käbir kynçylyklary döredýändigi habar berilýär.

2
Ekin meýdanlarynda pagta ýygýan zenanlar. 29-njy awgustdan başlap Lebap, Mary, Balkan we Ahal welaýatlarynda pagta ýygym möwsüminiň başlanmagyna garaşylýar. Emma Lebap welaýatynda bu çäre bellenip berlen resmi möhletden öň başlady.

3
Täze okuw ýyly üçin çagalaryna okuw esbaplaryny satyn alýan ene. Türkmenistanda her ýyl täze okuw ýylynyň öňýanynda "Mekdep bazarlary" açylýar.

4
Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Hojakenepsi obasynyň ýanyndaky gyrlarda oýnaýan çagalar.