Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokuror: Deliller Daşkende yşarat edýär


Şwesiýa, prokuror Krister Petersson, ýanwar, 2014 ý.
Şwesiýa, prokuror Krister Petersson, ýanwar, 2014 ý.

Şwed prokurory 2012-nji ýylda prezident Yslam Kerimowyň hökümetini tankytlaýan ruhanyny öldürmek üçin Şwesiýada edilen synanyşygyň arkasynda özbek häkimiýetleriniň bardygyny aňladýan bir topar delil bar diýýär.

Obidhon Kary Nzarow Özbegistandan 1998-nji ýylda gaçyp çykdy we 2006-njy ýylda Şwesiýadan gaçybatalga aldy. Ol öz bosgunlykda ýaşaýan şäheri bolan Stromsandda azyndan üç gezek tüpeňlendi. Garyndaşlarynyň Azatlyk radiosyna aýtmaklaryna görä, bu hüjüm netijesinde onuň beýnisine zeper ýetipdir.

Prokuror Krister Pitersson 2-nji sentýabrda Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna bu hüjümiň arkasynda özbek häkimiýetleriniň durandygyna yşarat edýän bir topar fakt we subutnama bar diýdi. Pitersson özüniň Daşkent tarapyndan terrorda güman edilýän adamyň işini derňemek boýunça özbek häkimiýetlerinden hiç hili goldaw almazlygyny sorag astyna aldy.

"Eger mende şeýle güman edilýän adam bolsa, men ony hakykatdanam ele salmak islärdim. Emma özbek häkimiýetleri 2011-nji ýylyň tomsunda Nazarowa yglan eden halkara gözleglerini ýatyrandyklaryny aýtdylar. Ýedi aý soňra bolsa ol Şwesiýada tüpeňlendi” diýip, prokuror aýtdy.

Şwed prokurory özbek häkimiýetlerinden bu iş boýunça hiç bir goldaw, hyzmatdaşlyk tapyp bilmezligim meni olar bu meseledäki hakykatyň üstüni açmagymy islemeýärler diýip pikir etmäge itekleýär diýdi.

Pitersson geçen hepde Orsýetden Şwesiýa ekstradisiýa edilen özbek raýaty Ýuriý Žukowskiniň Nazarowa hüjüm eden adam hökmünde sorag edilýändigini, emma onuň bu işe dahyllydygyny ret edendigini hem habar berdi.

Pitersson 37 ýaşyndaky Žukowskiniň entek günäsiniň subut edilmändigini we derňewçileriň ony özbek häkimiýetleri bilen baglanyşdyrmalydygyny hem sözüne goşdy. «Bu iş onuň bilen geljekki söhbetdeşlikler we sorag etmeler mahalynda amala aşyrylar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Nazarow 1990-njy ýyllaryň başynda Merkezi Aziýada iň bir meşhur ymamlaryň biri bolupdy we bu ýagdaý Kerimowyň hökümetiniň alada galmagyna bir sebäp boldy. Sebäbi, synçylaryň pikirine görä, awtoritar lider berk dini ynanja öz kontrollugyna bir synag, garşylyk hökmünde seredýärdi.

Nazarow, häkimiýetler 1998-nji ýylda dini ekstremizm we terrorçylyk aýyplamalaryny bildirip, özüni tussag etmek barada karar çykaranlaryndan soň, Daşkentden Gazagystana gitdi.

Ol 2006-njy ýylyň martynda Şwesiýa geldi we, BMG-niň özbek häkimiýetleriniň syýasy ýanamalary sebäpli goraga mätäç diýen kararyndan soň, bu ýerden syýasy gaçybatalga aldy.

Daşkent ol wagt Nazarowy ekstradisiýa etdirjek bolup tagalla edýärdi we ony daşary ýurtdan Daşkentde, hökümet binalarynyň golaýynda 1999-njy ýylyň 16-njy fewralynda bomba partlatmagy gurnamaga kömek bermekde aýyplaýardy.

Pitersson derňewçileriň Žukowskiniň DNA testleriniň netijesine garaşýandyklaryny we olaryň jenaýat sahnasynda hüjümçiden galan deliller bilen deňeşdiriljegini aýtdy.

Şwed häkimiýetleri ozal bu hüjüme dahyllylykda bir özbek maşgalasyny, är-aýaly sud etdiler, emma 2012-nji ýylyň iýulynda Ostersand şäherinde geçirilen seljermede olar bigünä diýlip yglan edildi.

Ol jübüt, aýdylmagyna görä, bir adama Nazarowyň ýerleşýän ýerini kesgitlemäge kömek edendigini aýdypdyr, ýöne olar onuň Stromsand şäherinde ymamlyk edýän metjidine barmandyr. Şeýle-de olar sudda özleriniň ymamyň öldürilmek planyndan bihabardyklaryny aýdypdyrlar.

Pitersson Azatlyk radiosyna bu jübüdiň – Bahodir Pulatow, Nodira Aminowa diýip tanadylan adamlaryň şu ýylyň başynda Şwesiýadan Özbegistana gidendigini we olaryň Žukowskiý bilen ýüzleşdirilip bilinmezliginiň mümkindigini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG