Eger günäli tapylsalar, özbek raýatlary «parahatçylyga we durnuklylyga garşy» pul üçin uruşmak, terrorçylyk, jynsy, etniki ýa dini ýigrenji öjükdirmek ýaly jenaýatlar üçin raýatlykdan mahrum edilip bilner.
Döwlet eýeçiligindäki media 11-nji awgustda, prezident Yslam Karimow tarapyndan gol çekilenden bir gün soň, Özbegistanyň raýatlyk baradaky kanunçylygyna düzedişleri çap etdi.
Bu kanun taslamasy parlamentiň aşaky palatasynda 29-njy iýulda, ýokarky palatasynda bolsa 6-njy awgustda tassyk edildi.
Ýüzlerçe özbek raýaty dürli ekstremist toparlaryň, şol sanda «yslam döwleti» toparynyň hatarynda söweşýär diýip bilinýär.