Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki käbir obalara elektrik togunyň kadaly berilmeýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Eýse, elektrik togunyň kadaly berilmeýän obalaryna Balkan welaýatynda hem duş gelse bolýarmy?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.