Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuçullaine O’Relly: Atşynasyň gyzyny goýberiň!


Geldi Kärizow
Geldi Kärizow

Uzak wagtlap Türkmenistanyň daşyna goýberilmedik abraýly atşynas Geldi Kärizow ýaňy-ýakynda Orsýete baransoň, munuň yzysüre “The Long Riders' Guild”, ýagny uzak aralyga at çapýanlaryň birleşigi atly halkara atçylyk guramasynyň müdiri Kuçullaine O’Relly (CuChullaine O'Reilly) “Türkmen atlary döwlet bileleşiginiň” müdiri Ýazgeldi Annaýewe hat bilen ýüzlendi.

Men Size 7-nji sentýabrda hat ýazyp, Sizden ýardam sorapdym. Siziň “Türkmen atlary döwlet bileleşiginiň” müdiri hökmünde ýurduň prezidentiniň kararyna belli bir täsir ýetirip, türkmen çapyksuwary Geldi Kärizowyň boşadylmagyna ýardam berip biljegiňize umyt baglapdym diýip Kuçullaine O’Relly Ýazgeldi Annaýewiň adyna ýazan hatynda aýdýar we öz hatyny şeýle dowam etdirýär: ”Bir hepdeden soň Gildiýa öz agzamyza Tükrmenistandan gaýtmaga rugsat edilip, onuň özi üçin howpsuz bolan Moskwa barandygy habar berildi. Men size [bu işde] Gildiýa ýardam bereniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin”.

“The Long Riders' Guild” atly halkara atçylyk guramasynyň müdiri Kuçullaine O’Relly “Türkmen atlary döwlet bileleşiginiň” ýolbaşçysy Ýazgeldi Annaýewe ýazan hatynda ýene-de şeýle diýýär: ”Emma gynansak-da, Kärizowyň gyzynyň we aýalynyň doganynyň öý tussaglygynda galmagy we olaryň Türkmenistandan çykmaga bolan kanuny hukuklarynyň inkär edilmegi bilen bagly ýagdaý begenjimize kölege salýar. Agzalan şahslaryň Türkmenistandan çykmagyna hiç hili kanuny gadagançylygyň ýoklugy sebäpli men BMG-niň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň ençemesiniň olaryň hukuklary ugrundaky göreşi dowam etdirjekdigine ynanýaryn”.

“Türkmen atlary döwlet bileleşiginiň” öňki ýolbaşçysy, “The Long Rider’s Guild” atly halkara atçylyk guramasynyň agzasy Geldi Kärizowa, geçen ýylyň aýagyndan bäri Türkmenistandan daşary çykmak boýunça eden ençeme synanyşyklaryndan soň, birdenkä Orsýete gitmäge rusgat berlip, ol 14-nji sentýabrda Moskwa bardy.

Emma Geldi Kärizowyň 14 ýaşly gyzy Sofiýa we aýalynyň dogany Ýelena Serebrýanik Türkmenistandan goýberilmediler. Geldi Kärizowyň ogly Dawudyň olaryň galmagynyň kakasynyň saglygyny bejerip, Türkmenistana dolanmagy üçin goýlan şert bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Şu sapar çagyranlarynda kakam Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary bilen gürrüňdeş bolupdyr. Oňa bolýar, Geldi Kärizow, siziň saglyk bilen bagly problemaňyz bar, siz bu barada mydama aýdyp ýörsüňiz, biz muny mydama eşidip gelýäris, şonuň üçin şu sapar biz size gitmäge rugsat bereris, emma siziň gyzyňyz we aýalyňyzyň dogany [bu taýda] galmaly bolarlar, siz aýalyňyz bilen yzyňyza gaýdyp geliň, [galanyny] soň göreris diýipdiler”.

Geldi Kärizowyň gyzy Sofiýa we aýalynyň dogany Ýelena Serebrýanik Orsýetiň raýatlary.

Abraýly halkara guramalarynyň ençemesi, şol sanda “The Long Riders’ Guild” guramasy bäş ýyldan gowrak wagtyny türme tussaglygynda geçiren Geldi Kärizowyň hal-ýagdaýynyň

agyrlygyny alada edip, onuň daşary ýurtlarda saglygyny bertmek üçin Türkmenistandan goýberilmegini sorap türkmen häkimiýetlerine ençeme gezek çagyryş edipdiler.

Geldi Kärizow Beýik Britaniýanyň ”Patyşalyk geografiýa” jemgyýetiniň kärdeşliginiň we dünýäniň ilkinji atşynaslyk barlaglary assosiasiýasy bolan halkara “Long Riders' Guild” guramasynyň ilkinji türkmenistanly agzasydyr.

Kärizow dünýäniň alymlary, atşynaslary we seýisleri tarapyndan Ahal-Teke atlarynyň bilermeni hökmünde ykrar edilýär.

Geldi Kärizowy goldamak boýunça halkara kampaniýa alnyp barylýar, şol sanda Angliýada “Geldi” atly internet saýty döredildi.

XS
SM
MD
LG