Bir döwürler Hazar deňziniň türkmen kenarynda gelim-gidimli syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan ozalky Çeleken häzirki Hazar şäherçesiniň arassaçylygyna berilýän ünsüň ýyl-ýyldan pese gaçýandygy habar berilýär. Şäherçäniň köçelerinde zir-zibilleriň üýşmeleňine, ulanyşdan galan garažlara, ýarym açyk lýuklara duş gelse bolýar.
"Hapalanan" Hazar
5
Ýa-da ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndaky we deňziň kenarýaka meýdançalaryndaky ulanyşdan galan garažlaryň galyndylarynyň hem wagtynda arassalanmaýandygyny görse bolýar.
6
Deňziň kenarynda dynç almaga baran ýaşaýjylar.
7
Ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň üstünde abatlaýyş işleri geçirýän ýaşaýjy. Şäherçedäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýagdaýynyň hem o diýen öwerlikli däldigini görse bolýar.
8
Hazar şäherçesiniň ýerli ýaşaýjylary.