Bir döwürler Hazar deňziniň türkmen kenarynda gelim-gidimli syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan ozalky Çeleken häzirki Hazar şäherçesiniň arassaçylygyna berilýän ünsüň ýyl-ýyldan pese gaçýandygy habar berilýär. Şäherçäniň köçelerinde zir-zibilleriň üýşmeleňine, ulanyşdan galan garažlara, ýarym açyk lýuklara duş gelse bolýar.
"Hapalanan" Hazar

1
Hazar şäherçesinde ýaşaýjylar ýa-da deňizde dynç almaga gelen syýahatçylar tarapyndan oklanan zir-zibilleriň üýşmeleňleri.

2
Şäherçäniň ýaşaýyş jaýlarynyň aralarynda hem ýaşaýjylar tarapyndan oklanan zir-zibilleri görse bolýar. Bu zir-zibilleriň hem degişli edaranyň işgärleri tarapyndan wagtynda alnyp gidilmeýändigi aýdylýar.

3

4
Şol bir wagtda şäherçäniň uly köçeleriniň ugrunda ýarym açyk lýuklaryň sany hem az däl.