Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raskolnikow 4670 dollar ogurlapdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Rus edebiýatynyň meşhur eserlerinde gahrymanlary dowla düşüren pullarynyň häzirki döwürdäki hümmeti näçe bolýarka?

Gogolyň "paltosy"

Kiçi derejedäki döwlet işgäri A. Başmaçkine gyşda geýmegi üçin täze palto gerekdi. Şonuň üçinem ol iýýän naharyndan we hatda içýän çaýyndan tygşytlamaga başlaýar. Kirli eginbaşlarynam kir ýuwýan zenana wagtyndan has giç ýuwmaga berip, puluny tygşytlap, täze palto alamgyň küýüne düşýär.

Emma welin täze paltosyny egnine geýip, ýaňy bir köçä çykan mahaly şol bada ony ogurlap alyp gaçýarlar. Jenaýatkärleri ele salmak mümkin bolmaýar. Başmaçkin köne hem kirli paltosy bilen [öýe] gaýtmaly bolýar. Şondan soň ol erbet sowuklap, birnäçe gün geçensoňam aradan çykýar.

Paltonyň eserde aýan edilen gymmaty, 19-njy asyrdaky puluň hümmeti häzirki pula öwrülende, 10 müň amerikan dollaryna barabardyr.

Raskolnikowy jenaýatkäre öwren puluň möçberi

Dostoýewskiniň "Jenaýat we jeza" atly romanynda Roskolnikow çekiç bilen urup öldüren garry aýalyndan 320 müň rubl pul ogurlaýar.

Tussag ederler öýdüp, gorkup, ol puly gizleýär we romanyň galan bölümini eden ýaramaz işine puşman edip geçirýär.

Raskolnikowy adam öldürmäge iteren 320 müň rubl puluň hümmeti häzirki döwrüň puluna geçirseň, onda 4670 amerikan dollaryna deň bolýar.

Golaýda çykan bir habara görä, Bakuwda okuwçysynyň öýünden gymmat şaý-sepleri ogurlamakda aýyplanan bir mugallyma aýal 4850 manada, ýagny Raskolnikowyňky ýaly möçberdäki pula eýe bolan ekeni.

Tolstoýyň "Uruş we parahatçylyk" atly romany

Bu romanyň baş gahrymany Nataşa Rostowanyň dogany Nikolaý humarda Dolohowa 70 million rubl utdurýar.

Şeýle möçberdäki pul, şol döwürde Russiýanyň ýokarky gatlagyndan bolan aristokratlar üçin hem ummasyz pul hasaplanýan ekeni.

Emma abraý üçin bergi üzülmeli diýen kada bolupdyr...

Ol puluň hümmeti häzirki pula öwrülende 1 million amerikan dollaryna barabardyr.

Russiýanyň "Kommersant" atly gazeti A. Puşkiniň "Kapitanyň gyzy", "Gara dama", N. Leskowyň "Çepbekeý", Gogolyň "Derňewçi", F. Dostoýewskiniň "Idiot" (”Tentek”), A. Çehowyň "Uzyn familýa", B. Pasternagyň "Doktor Žiwago", M. Bulgakowyň "It ýüregi", "Master we Margarita" romanlarynda agzalýan pullaryň ykdyasdy taýdan hümmetini göz öňünde tutup, häzirki döwrüň puluna öwrüpdir.

XS
SM
MD
LG