Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Hassahana zarbasy ýalňyşlyk


Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky koalisiýasynyň komandiri gunduz şäherindäki hassahana urlan howa zarbasy ýalňyşlyk boldy diýdi.

3-nji oktýabrdaky howa zarbasynda azyndan 22 adam öldürildi, ondan gowrak adam bolsa ýaralandy.

Bu hassahana «Serhetsiz lukmanlar» guramasy tarapyndan dolandyrylýardy. General Jon Kambel 6-njy oktýabrda Senatyň Ýaragly gulluklary komitetiniň öňünde hasabat berip, «hassahana ýalňyşlyk esasynda uruldy» diýdi.

"Biz hiç wagt goragly saglyk desgasyny bilkastdan nyşana almarys» diýip, ol aýtdy. Ol indi gunduzdaky ýaly hadysalaryň bolmazlygy üçin esgerler has berk tälim beriljegini aýtdy.

Kambel 5-nji oktýabrda bu howa zarbasynyň «Talyban» hüjümi astyndaky owgan hökümet güýçleriniň talaby esasynda urlandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň harbylary ozal pitneçileriň bu ýerde amerikan güýçlerini oka tutandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG