Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama "Serhetsiz lukmanlardan" ötünç sorady


“Serhetsiz lukmanlar” (MSF) toparynyň hüjümde ýaralanan agzasy.
“Serhetsiz lukmanlar” (MSF) toparynyň hüjümde ýaralanan agzasy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama “Serhetsiz lukmanlar” (MSF) toparyndan Birleşen Ştatlaryň demirgazyk Owganystanky hassahana eden ýowuz howa hüjümi üçin ötünç sorady.

3-nji oktýabrda amala aşyrylan howa zarbasynda “Serhetsiz lukmanlar” topary tarapyndan dolandyrylýan Gunduz şäherindäki keselhana hüjüm edildi. Bu wakanyň netijesinde azyndan 22 adam heläk boldy.

Ak tamyň metbugat wekili Joş Irnest (Josh Earnest) 7-nji oktýabrda Obamanyň “Serhetsiz lukmanlar toparyndan ötünç soramak hem-de wakada ölen we ýaralananlar üçin gynanç bildirmek maksady bilen” medisina taýdan haýyr-sahawat işlerini edýän toparyň halkara prezidenti Joanne Liu bilen gepleşendigini aýtdy.

Şeýle-de, Irnest Obama Liua bu waka boýunça alnyp barylýan derňew işiniň aýdyň we pugta boljakdygyny aýtdy diýdi.

XS
SM
MD
LG