Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MH17: Gollandiýa Russiýanyň derňewlerini ret etdi


Buk raketasy Malaýziýanyň MH17 uçarynyň golaýynda partlaýar.
Buk raketasy Malaýziýanyň MH17 uçarynyň golaýynda partlaýar.

Gollandiýanyň derňeýji ekspertleri Orsýetiň Malaýziýanyň 2014-nji ýylyň iýulynda gündogar Ukrainada urlup ýykylan ýolagçy uçary hakdaky ynamdar hasabata alternatiw teoriýalary girizmek baradaky synanyşyklaryny 13-nji oktýabrdaky hasabatyň ýanyndan berlen dokumentleriň üsti bilen ýene bir gezek puja çykardy.

Gollandiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň hasabaty Orsýetiň derňeýjileriniň, mysal üçin MH17 nomerli uçaryň howa-howa raketasy bilen urulmagy ýaly, "başga sahnalary" aýlawa salmaga synanyşyk edendigini görkezýär (şu ýerde we şu ýerde).

Tankytçylar Moskwany howa-howa raketaly gürrüňi ara goşmak bilen Boing 777-niň Orsýet tarapyndan öndürilen we ”Buk” diýlip atlandyrylýan ýer-ýer raketa sistemasy bilen urlup ýykylandygyny görkezýän esasy subutnamadan ünsi başga tarapa sowmaga dyrjaşýanlykda aýyplaýarlar.

Teoriýalar

Çylşyrymly fiziki çekişmeleri, telemetriýa we harby tehnologiýa arkaly gelnen 15 aýlyk barlagyň netijeleri Ukraina, Birleşen Ştatlar we beýleki döwletler tarapyndan öňe sürlen teoriýalara gabat gelýär.

21-nji iýulda, ýagny uçar ýykylanyndan sanlyja gün soň, Orsýetiň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Su-25 söweş uçarynyň MH17-ni yzarlandygyny, uçary şonuň urup ýykan bolmagynyň mümkindigini ileri sürdi.

Moskwa hasabatda howa-howa raketasy teoriýasyna üns berilmändigini aýdýar. Gollandiýaly derňeýjiler bolsa bu meselä ýeterlik derejede üns berildi diýýärler.

Gollandiýaly derňeýji ekspertler MH17-niň uçuş maglumatlary bilen raketanyň uçuş ýoly baradaky maglumatlary birikdirip, raketanyň Snižne obasynyň golaýyndaky 320 kwadrat-kilometrlik regiondan atylandygyny çaklaýarlar. Şol wagtda bu region separatistik söweşijileriň elindedi.

Rus barlaglary

Bu barada ”Buk” raketa sistemasyny öndüren Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki kompaniýasy ”Almaz-Anteý” hem barlag geçirdi. Ol raketanyň Snižne obasynyň 30 kilometr gündogarynda ýerleşýän Zaroşenko obasynyň golaýyndan atylandygyny aýtdy. Orsýetçi separatistler bu regionyň şol wagt ukrain güýçleriniň gözegçiliginde bolandygyny aýdýarlar.

Gollandiýanyň hasabatynda bolsa Orsýetiň bu delili ret edilip, beýle bolan halatynda uçara ýeten zyýan häzirkisinden tapawutly bolmaly diýilýär.

Derňeýjiler öz derňewleriniň örüsini giňeldip, dürli mümkinçiliklere garapdyrlar. Mysal üçin, MH17-niň igşärleriniň ýagdaýy, ”Boing 777-niň” öz tehniki ýagdaýy, şeýle hem uçarda dörän oýuklar we ýene-de köp zatlar jikme-jik gözden giçirilipdir.

Olar beýleki teoriýalara hem garap olary ret edendiklerini aýdýarlar.

Gollandiýanyň derňeýjileri: "[Uçaryň] dargap, ýykylmagyna sebäp bolup biläýjek beýleki ýagdaýlar barada hem oýlanyldy, olar analizlendi we ret edildi" diýip ýazýarlar.

2014-nji ýylyň aprel aýynda gündogar Ukrainada gazaply hereketler ilki Donetstkiniň söwda merkezinde başlanyp, demirgazyga, gündogara we günorta ýaýraly bäri Orsýet pitneçi toparlaryň ýerli ilat bilen orsýetli "meýletinçilerden" durýandygyny aýdyp gelýär. Bular ukrain söweşijilerine öz meýline goşulan adamlar, hökümet olara muňa ygtyýar berenok we olary goldanok diýýär.

Ýöne ”Buk” raketa sistemasy ýaly çylşyrymly ýaraglaryň, agyr artilleriýanyň bolmagy we ukrainler tarapyndan ele salnan orslaryň özleriniň haýsy goşun birikmesine degişlidiklerini açyk aýtmagy Moskwanyň bu aýdýanlaryny ýalana çykarýar.

XS
SM
MD
LG