Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Merkezi Aziýada täsirini artdyrýar


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe (çepde) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe (çepde) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Merkezi Aziýa edýän bir hepdelik saparynyň dowamynda bu sebitdäki ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmäge üns berýär. Bu regionda Hytaý, Orsýet we Günbatar ýurtlary hem öz täsirini artdyrmak ugrunda bäsleşýärler.

26-njy oktýabrda Gyrgyzystanda Abe gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew we premýer-ministr Temir Saryýew bilen aýry-aýrylykda gepleşikler geçirdi.

Gepleşikleriň netijesinde gelnen ylalaşyga görä, Ýaponiýa Gyrgyzystanyň ösüşi üçin Bişkegi 130 milliard ýapon ýeni, ýagny 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak pul serişdesi bilen üpjün eder. Emma bu pul serişdesiniň haçan geçiriljekdigi barada belli bir wagt möhleti görkezilmedi.

“Mangoliýa we Merkezi Aziýa örän möhüm”

Ýaponiýa tarapyndan beriljek şol ýardam Bişkegiň golaýyndaky Manas halkara aeroportuny oňarmak üçin niýetlenen 16 million amerikan dollaryny, oba-hojalyk pudagy üçin niýetlenen 1,5 million amerikan dollaryny we ýurduň günortasyndaky Oş-Batken-Isfana garaýoluny oňarmak üçin niýetlenen 117 million amerikan dollaryny öz içine alýar.

Abe Ýaponiýanyň 50 çemesi kompaniýasynyň wekilleri bilen birlikde alty ýurda edýän saparyna 22-nji oktýabrda başlady. Ol ilki Mongoliýa, soňra Türkmenistana, Täjigistana we Özbegistana bardy we öňümizdäki günlerde Ýaponiýa dolanmazdan öň,onuň Gazagystana barmagyna garaşylýar.

Abe bu saparyna başlamazdan öň “Mongoliýa we Merkezi Aziýa geosyýasy ýerleşişi taýdan örän möhüm” diýip, bu sebitdäki “ýurtlaryň her biri bilen Ýaponiýanyň döwletara gatnaşyklary güýçlendirmekde örän uly ädimler ätmek isleýändigini” aýtdy.

Aşgabatda $18 milliardlyk ylalaşyk baglaşyldy

26-njy oktýabrda Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy tebigy gaza baý Türkmenistanda 400 megawat güýjündäki gaz elektrik stansiýasyny gurmak baradaky buýurmany alandygyny mälim etdi. Bu elektrik stansiýasynyň bahasy 300 million amerikan dollaryna barabardyr.

Ýapon kompaniýasy bu maglumaty Abe Türkmenistanyň hökümeti bilen bahasy 18 milliard amerikan dollaryna barabar ylalaşyklara gol goýandygyny mälim edenden üç gün soň yglan etdi. Abeniň sözlerine salgylanyp, gürrüňi edilýän elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň 2018-nji ýylda tamamlanjakdygy aýdyldy.

24-nji oktýabrda Abe Täjigistanyň hökümeti bilen ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirilen ylalaşyklaryň sekiz sanysyna gol goýdy.

25-nji oktýabrda ýapon premýer-ministri Özbegistanyň energiýa, transport, tebigy baýlyklar, awto, telefon aragatnaşyklary we himiýa senagatyny öz içine alýan we bahasy 8 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ylalaşyklara maliýe goýmagy ylalaşdy.

Özbek prezidenti Yslam Karimow bu proýektlere Ýaponiýanyň 5 milliard amerikan dollary we Özbegistanyň 3 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe goýjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG