Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde rus uçary gaçdy


“Kogalymawiýa” howa ýollarynyň uçary.
“Kogalymawiýa” howa ýollarynyň uçary.

Sinai ýarymadasynda heläkçilige uçran Russiýanyň ýolagçy uçary doly weýran boldy, diýip Müsüriň resmileri habar berýärler.

Bortunda 224 adam bolan uçar Arsiş şäherinden 100 km uzaklyklykda gaçdy. “Kogalymawiýa” howa ýollaryna degişli uçar Müsüriň Şarm el-Şeýh dynç alyş kurortyndan Sankt-Peterburga uçuşy amala aşyrýardy.

Resmiler “Airbus A320” kysymly uçaryň 31-nji oktýabrda ir bilen howa galandan 23 minut soň radarlardan ýitendigini habar berdiler.

Rus resmileri uçaryň bortunda 217 ýolagçynyň, şol sanda ýedi çaganyň we ýedi ekipaž agzasynyň bolandygyny mälim etdi.

Ýolagçylaryň aglabasynyň dynç alyşdan dolanyp gelýän rus raýatlarydygy bellenilýär.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi heläkçiligi derňemek üçin ýörtie toparyň düzülýändigini habar berdi.

“Kogalymawiýa” howa ýollary 1993-nji ýyldan bäri hereket edip, ol Russiýanyň Týumen regionynyň Kogalym şäherinde ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG