4-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow paýtagtda we ýurduň ähli künjeklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ulaglaryň hereketini sazlaşykly üpjün etmek meselesine ünsi çekdi, diýlip türkmen telewideniýesinde habar berilýär.
Maglumatda türkmen prezidenti “köçe-ýol hereketinde käbir bidüzgünçiliklere ýol berilýändigini” aýdyp, bu babatda “seljerme işleriniň geçirilmelidigini we kanun tarapdan jerime salynmalydygyny” tabşyrdy diýilýär.
Azatlyk Radiosy paýtagtyň köçelerinde ýol hereketiniň ýagdaýy barada Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.