Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Memorial” “režimi üýtgetmäge çagyrmakda” aýyplanýar


“Memorial” “režimi üýtgetmäge çagyrmakda” aýyplanýar.
“Memorial” “režimi üýtgetmäge çagyrmakda” aýyplanýar.

Orsýetiň Adalat ministrligi adam hukuklaryny goraýan, hökümete degişli bolmadyk “Memorial” atly guramany “Russiýa federasiýasynyň konstitusion düzgünleriniň esaslaryny opurmakda” we ýurtda “syýasy režimi üýtgetmäge çagyrmakda” aýyplady.

9-njy noýabrda bu ministrlik adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezine, onuň “daşary ýurduň agenti” diýlen resmi statusyna laýyklykda, ýyllyk hasabaty bilen bagly duýduryş ýollady.

Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezi 6-njy noýabrda resmi taýdan Orsýetiň hökümetiniň “daşary ýurt agentleri” atly sanawyna goşuldy.

Adalat ministrliginiň hasabatynda hökümete degişli bolmadyk gurama babatynda çäre göz öňünde tutulmaýar.

Hasabatda getirilen sitatalar

“Memorial” guramasynyň Kanunçylyk bölümi boýunça direktory Kiril Koroteýew özüniň “Kommersant” neşirine beren maglumatynda “Memorial” ministrligiň bu hasabaty guramany ýapmak ýa-da onuň resmilerine garşy jenaýat işlerini gozgamak üçin kanuny taýdan talapnama ugratmga esas hökmünde ulanyp biljekdigine ynanýar diýdi.

Ministrligiň hasabatynda “Memorial” guramasynyň 2014-nji ýylyň awgust aýynda çykaran beýanatynyň netijelerinde Orsýetiň Ukrainadaky hereketleriniň “agressiýa kesgitlemesine gabat gelýändigi” baradaky böleginden sitata getirilýär.

Şeýle-de, hasabatda gürrüňi edilýän guramanyň 2014-nji ýylyň fewral aýynda ýaýradan beýanatyna salgylanylyp, onda prokurorlaryň we kazylaryň, 2012-nji ýylda Bolotnoýa meýdançasynda bolan hökümete garşy ýörişlerde köpçülikleýin bidüzgünçiligi öjükdirmekde aýyplanýan orsýetlilere garşy gozgalan işi “galplaşdyrandygynyň” öňe sürülýän böleginden sitata getirilýär.

“Daşary ýurt agentleri” sanawy

10-njy noýabrda “Memorial” guramasy Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda bu barada ýörite beýanat çap etdi.

“Biz Orsýetiň Konstitusiýasynyň 28-nji we 30-njy maddalarynda kepil geçilýän söz we pikir azatlygymyzy hem-de assosiasiýa erkinligimizi amala aşyrýarys. Biz resmileriň, şol sanda ýokary derejeli resmileriň adam hukuklaryny we halkara kanunçylyk normalaryny bozýandygyny görsek,sessiz galyp bilmeris” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Hökümete degişli däl “Memorial” guramasy ministrligi özlerini ýene-de geçmişe, ýagny “sowet hökümetiniň dissidentlere garşy göreşen döwrüne alyp barýanlykda” aýyplaýar. Şeýle-de, gurama ministrligiň hasabatyny, konstitusiýa laýyk gelmeýän karar hökmünde, şikaýat etjekdigini belleýär.

Orsýetde daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalary “daşary ýurt agentleri” diýip hasaba almagy talap edýän kanun 2012-nji ýylda kabul edildi. Häzirki wagtda bu sanawyň düzümine 10 guramanyň ady goşuldy.

Näresmi görnüşde “Memorial” guramasynyň düýbi 1987-nji ýylda tutuldy, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Memorial” merkezi bolsa biraz soňra, ýagny 1991-nji ýylda döredildi.

XS
SM
MD
LG