Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Facebook” täze funksiýasyny synagdan geçirýär


“Facebook” täze funksiýasyny synagdan geçirýär
“Facebook” täze funksiýasyny synagdan geçirýär

“Facebook” kompaniýasy hatlary awtomatik görnüşde pozmak üçin niýetlenen funksiýany synagdan geçirýär.

Bu täze funksiýa häzirlikçe Fransiýadaky “Facebook” ulanyjylarynyň bir topary üçin elýeterlidir.

Bu funksiýa laýyklykda, “Facebook” ulgamynyň hat bölüminiň sag tarapynyň ýokarsynda çäge sagadynyň şekili bolar. Ulanyjy bu bölümden 1 sagat soň pozulmagyny isleýän hatlary saýlap-seçip bellige alyp biler.

Bu ugurdan geçirilýän synaglar üstünlikli bolsa, gürrüňi edilýän funksiýa ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterli bolar.

Hatlary awtomatik görnüşde pozmak üçin niýetlenen funksiýa “Snapchat” tilsiminde eýýäm bar. 2013-nji ýylda “Facebook” kompaniýasy “Snapchaty” satyn almaga synanyşypdy. Emma firmanyň bu synanyşygy şowsuz bolupdy.

XS
SM
MD
LG