Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Köprüsiz obany kanal köseýär


Türkmenistandaky köprüleriň biri.

Mary welaýatyndaky obalaryň birini ikä bölýän kanaldan geçmek üçin köpriniň göz öňünde tutulmandygy habar berilýär. Munuň netijesinde oba ýaşaýjylarynyň kanalyň beýleki ýüzünde ýerleşýän sosial desgalara barmakda kynçylyk çekýändigi habar berilýär.

Bu welaýatyň Wekilbazar etrabynyň Täzedurmuş daýhan birleşiginden öý hojalykçy zenan Ogulgözel öz işleýän ýerine gitmek üçin 25-30 kilometr uzaklykdaky köprüden geçmeli bolýandygyny aýdýar.

Ol bu obanyň ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:22 0:00

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG