Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gazaklar “aladalanýar” diýdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň paýtagty Tähranda duşuşýarlar. 23-nji noýabr, 2015 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň paýtagty Tähranda duşuşýarlar. 23-nji noýabr, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidenti özüniň rus kärdeşi Wladimir Putine Hazar deňzindäki harby hereketler sebäpli “gazak kärdeşleriniň ynjalyksyzlanýandygyny” aýtdy.

23-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň prezidenti bilen Eýranyň paýtagty Tähranda geçiren duşuşygynda: “Biziň gazak kärdeşlerimiz Hazar deňzinde bolýan zatlardan gaty aladalanýarlar. Bu harby meseleler bilen baglanyşykly. Şu sebäpden ol ýerde graždan halkara awiagatnawy bilen bagly meseleler döreýär. Siz mundan habarlymy ýa-da ýok bilemok, ýöne biziň gazak kärdeşlerimiz bu babatda ynjalyksyzlanýarlar” diýdi diýip, Kremliň resmi beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugaty hem türkmen-rus liderleriniň duşuşygynda Hazar deňzi bilen bagly soraglaryň, hususan-da “onuň tutuş giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek meseleleriniň” maslahat edilendigini habar berdi.

“Yzygiderli ýüz tutýar”

Maglumatda Berdimuhamedowyň Putine “öz gazak kärdeşleriniň Hazar deňzindäki uçuşlaryň howpsuzlygy bilen baglanyşykly aladalanmalaryny beýan edendikleri”, şeýle-de bu mesele boýunça türkmen “awiadispetçer gulluklaryna [gazak tarapynyň] yzygiderli ýüz tutandyklary” bellenilýär.

“Şunuň bilen baglylykda gazagystanly kärdeşlerimiz Hazaryň üstünden raýat ýolagçy we ýük uçarlarynyň uçuşlary üçin howpsuzlyk şertlerini döretmegiň zerurdygy baradaky haýyş bilen ýüz tutýarlar” diýip, türkmen mediasynyň maglumatynda nygtalýar.

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, türkmen prezidentiniň tebigy gaz eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň ýygnagynda eden bu çykyşy, Orsýetiň Hazar deňzinde harby hereketlerini güýçlendiren pursadyna gabat geldi. Orsýet şu ýylyň oktýabr aýynyň ortalaryndan bäri Hazar deňzinden Siriýadaky nyşanalara garşy ganatly raketalary atýar.

Aşgabadyň resmi pozisiýasy

Şol bir wagtda gürrüňi gidýän mesele boýunça gazak tarapynyň “ynjalyksyz bolýandygy” baradaky meseläni näme sebäpden türkmen prezidentiniň gozgandygy barada hiç hili resmi düşündiriş berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bu sorag bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrligine ýüzlenende, ministrligiň GDA (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy) boýunça departamentiniň işgäri Meýirjan Baýgonysow “[özlerine] bu meseläni aç-açan maslahat etmegiň resmi taýdan gadagan edilendigini” aýdyp, başga goşmaça maglumat bermedi.

Belläp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow rus harby hereketleri sebäpli gazak tarapynyň birahat bolýandygyny mälim etse-de, Aşgabadyň bu mesele boýunça resmi pozisiýasy barada hiç zat aýtmady.

Berdimuhamedowyň eden bu çykyşyna prezident Putin öz gezeginde: “Biziň gazak dostlarymyz häzirlikçe bu barada [bize] hiç zat aýtmadylar, ýöne biz muny göz öňünde tutarys” diýdi.

Orsýet özüniň Siriýada “Yslam döwleti” toparyny bombalaýandygyny aýdýar, emma günbatar ýurtlarynyň aglabasy Moskwanyň esasy maksadynyň öz ýarany Başar al-Assadyň häkimiýet başynda galmagyny gazanmakdan ybaratdygyny nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG