Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ABŞ bir zat etmeli diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 27-nji noýabrda, Kolorada Springs şäheriniň Planlaşdyrylan ene-atalyk klinikasynda bolan atyşykdan soň, Birleşen Ştatlar jenaýatçylaryň ýarag edinmegini kynlaşdyrmak üçin «nämedir bir zat etmeli» diýdi.

Bu atyşykda üç adam öldürildi, dokuz adam bolsa ýaralandy.

Güman edilýän ýaragly, 57 ýaşyndaky Robert Lewis Dear tussag edildi.

Ol polisiýa bilen birnäçe sagatlap atyşyga girdi. Planlaşdyrylan ene-atalyk klinikasy bu bu hüjümiň arkasyndaky motiwlerden bihabardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG