Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýrana S-300 sistemasyny iberip başlady


S-300 kysymly howadan goranyş sistemasy, Orsýetiň Telemba poligony, iýul, 2015
S-300 kysymly howadan goranyş sistemasy, Orsýetiň Telemba poligony, iýul, 2015

Orsýet Tährana S-300 kysymly howadan goranyş sistemasyny iberip başlady.
Bu barada 3-nji dekabrda prezident Wladimir Putiniň ýarag söwdasy boýunça geňeşçisi aýtdy.

Emma Wladimir Kožin TASS agentligi tarapyndan sitirlenen maglumatynda hiç hili detal bermedi.

Orsýet 2010-njy ýylda BMG-niň sanksiýalary bilen baglylykda, uzak aralyklara ýetýän S-300 kysymly ösen raketa sistemasyny Eýrana ibermegini togtadypdy.

Putin şu ýyl dünýäniň täsirli alty ýurdunyň we Eýranyň arasynda gelnen ylalaşykdan soň bu gadagançylygy ýatyrdy. Şu ýylyň tomsunda taraplaryň arasynda gelnen ylalaşykda Eýran öz ýadro programmasyny çäklendirmäge razylyk berdi, oňa garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyryljagy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG