Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Çäklendirilýän yslam we durnuksyzlyk


Täjigistanyň Norak şäherinde tussag edilen "Yslam döwleti" toparynyň agzalary.
Täjigistanyň Norak şäherinde tussag edilen "Yslam döwleti" toparynyň agzalary.

Täjigistanyň hökümeti "YD" toparyna goşulmaga meýil edýän musulmanlara garşy gysyşyny hasam artdyrýar. Bilermenler bolsa şeýle gysyşlaryň nämä alyp barjakdygy barasynda öz garaýyşlaryny beýan etmäge başladylar.

Täjigistanyň Hojant şäherinde ýaşaýan Nabijonyň dellekhanasynda soňky wagtlarda adam az bolanok. Onuň gürrüň bermegine görä, ol günde yzygiderli on sagatlap işlemeli bolýar. Sebäbi, adamlar owal diňe saç bejertmäge gelýän bolsalar, indi häzir aglaba köpçülik sakgal syrdyrmaga gelýär.

Täjik hökümeti "YD"-ine meňzeş ekstremistik toparlaryň halka täsir ýetirmegine garşy indi köpçülik ýerinde käbir adamlar öz yslamy "daş keşbi" bilen adaty adamlarda nädogry pikir döretmez ýaly käbir çäklendirmeleri durmuşa geçirmäge başlady. Şeýle çäklendirmeler, "millilige gabat gelmeýän keseki eginbaşlar" hasap edilýän musulman eşigini geýýän zenanlara, musulman geýimli erkek adamlara we şonuň bilen bir hatarda uzyn sakgally adamlara özüniň ýiti täsirini ýetirýär. Sakgally adamlary saklap, soň polis nokadynda onuň sakgalyny syryp goýberýärler.

Yslamy radikallaryň salýan howpy

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 8-nji martda eden çykyşynda, "keseki halklar ýaly geýinýänleri" berk ýazgaryp, kesekileriň öz eginbaşlarynyň üsti bilen Täjigistanda "ekstremizmi" ýörgünli ýagdaýa getirmäge synanyşýandygyny nygtapdyr.

Munuň netijesinde häzirki wagtda indi şeýle adamlar Duşanbede düýpgöter başgaça görünýärler. Gap-gara hyjaplaryň ornuny indi resmi ýagdaýda ykrar edilen täjikleriň dürli reňkler bilen bezelen milli atynjadyr-ýaglyklary alypdyr. Şeýle çäreler täjikleriň dini ymtylyşlaryny köpçüligiň arasynda görkezmeginiň öňüni alypdyr. Ýöne muňa garamazdan ekstremizm ýurtda esasy howp bolup galýar. Bu howp ýurtda dünýewiler bilen konserwatiw musulmanlaryň arasyndaky araçägi hasam çuňlaşdyryp, dindarlary radikallyga gönükdirýär.

Täjigistanda yslamy radikallaryň salýan howpy häzirki döwürde gaty ýokary. Sebäbi ýurtda mundan 20 ýyl owal yslamy radikallardyr, demokratlaryň we postsowet awtoritar hökümetiň arasynda bolan içerki urşuň täsiri henizem aýrylanok. Ol uruşda ýüz müňe golaý adam heläk bolupdy.

”Ol uruşdan soň ýagdaý doly düzelmedi. Syýasy we dini gatlaklaryň arasynda hemişe haýsam bolsa bir ýerde islän mahalyň jetlik döredip biljek yzlar galdy” diýip, Kanadanyň Monreal uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça hünärmeni Helen Tibolt belleýär. Onuň nygtamagyna görä, 2010-njy ýylda uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen köpsanly radikal yslamçy söweşijiler tussaghanadan gaçyp, Raşt jülgesinde iki hepdeläp hökümet güýçleri bilen urşupdyrlar.

2012-nji we 2014-nji ýyllarda hökümetiň ekstremistlikde aýyplaýan ýerli toparlary gozgalaň turzup, Daglyk Badahşanda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyrlar.

Yslam partiýasynyň gadagan edilmegi

1992-nji we 1997-nji ýyllaryň arasynda bolan içerki uruşdan soň baglaşylan ýaraşyk ylalaşygyna görä, käbir musulmanlar ýurtda syýasy işlere gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolupdylar. Ýöne bu ýyl ”Täjigistanyň yslamy galkynyş partiýasy” (TYGP) gadagan edildi we onuň öňdebaryjy ýolbaşçylary tussag edildiler. Bu ýagdaý olaryň ornuny ýurtda has ekstremistik toparlaryň eýelemek howpuny döretdi.

Duşenbeli dini bilermen Faridun Hodizodanyň pikrine görä, TYGP-niň has radikal agzalary daglara gidip, geljekde has çylşyrymly ýagdaýlary döredip biler. Ol öz sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär:

”Partiýanyň radikal agzalary partiýanyň öňdebaryjylaryny hökümet bilen eglişik edýändikleri üçin hemişe tankytlap gelýärdi. Indi olar şeýle diýerler: "Ynha, gördüňizmi, näme boldy?".

Postsowet ýurtlaryndaky ýeke-täk resmi yslam partiýasy bolan TYGP-niň gadagan edilmegi, Täjigistandaky dini oppozisiýanyň eýe bolan ähli mümkinçilikleri bilen bilelikde mejlisdäki iki ornuny hem ýitirmegine sebäp boldy.

Prezident Emomali Rahmonyň pikrine görä, Täjigistana gönükdirilen yslamy ymtylyşyň öňüni almak üçin yslamçylaryň arasyndaky radikallygy duruzmak hökmany. Täjigistanyň baş kazyýetiniň iýul aýynda beren beýannamasyna görä, "Siriýa bilen Yrakda daşary ýurtly ekstremistik toparlaryň hatarynda söweşýän" Täjigistanyň raýatlary barasynda 420 iş gozgalypdyr.

Emomali Rahmon ýurtda dini işlere seredýän prezidentiň ýanyndaky kagyz ýüzünde garaşsyz bolan müftüleri goldamak bilen yslamy öz gözegçiligi astynda saklamak isleýär. Ýöne ýurduň "içerki" yslamy daşardakylaryň häkimýetine ymtylýar. Bu ýagdaýy gözegçilik astynda saklamak aňsat başartmaýar. Şonuň üçinem Duşenbe ýagdaýdan gaty howatyrlanýar.

Täjigistanda maý aýynda bolan bir waka adamlary gaty geň galdyrdy. Şonda Täjigistanyň Içeri işler ministrligine degişli ýörite tälimli OMON-nyň serkerdesi bolan Gulmurod Halimow bir wideoda çykyş edip, ýurtda musulman eşikleriň geýilmeginiň we köpçülik ýerinde ybadatyň hem gadagan edilmegi sebäpli "YD" toparynyň hataryna geçendigini bildirdi. Şondan soň ýurtda gysyşlaryň hasam möwjändigi göze ildi. Sentýabr aýynda TYGP-niň gadagan edilip, ýapylmagyndan soňra Duşenbäniň golaýyndaky bir polis nokadyna edilen hüjümde 20-ä golaý adam öldi. Hüjümiň näme sebäpli bolandygy aýan edilmedi. Ýöne hökümet hüjüm sebäpli yslamçylary aýyplady. Ondan soň gurnalan bir harby operasiýada bolsa Goranmak ministriniň orunbasary Abdulhalim Nazarzoda öldürildi.

Raýat azatlygynyň çäklendirilmegi

Konserwatiw musulmanlaryň aglaba köpçüligi ýurtda musulman eşiginiň geýilmeginiň gadagan edilmegine raýat azatlygynyň çäklendirilmegi hökmünde baha berýär. Duşenbedäki uly bolmadyk bir parfýumeriýa dükanynyň eýesi Manzuranyň aýtmagyna görä, gadagançylykdan soň "hökümeti we Allany ynjaltmak" üçin ol özüne eginbaşyň başgaça bir görnüşini oýlap tapmaly bolupdyr.

Häzir ol gara hyjabyň deregine uzyn ýeňli dürli reňkli köýnekler bilen giň hem uzyn balak geýýär. Başyna bolsa reňkli şarf oraýar.

Hökümet ýurtda diňe bir radikal yslama garşy şeýle göreş alyp barman, eýse dünýewi garşydaşlaryna garşy hem göreşýär. "Topar 24" atly dünýewi syýasy topary döreden Umarali Kuwatow mart aýynda Stambulda syrly ýagdaýda atlyp öldürildi.. Onuň maşgalasy bu jenaýatda täjik hökümetini aýyplaýar.

Ýene bir oppozisiýa topary bolan we 2013-nji ýylda döredilen "Täze Täjigistan" partiýasynyň baştutany Zaida Saidowa hem kän wagt geçmän adam zorlamak, maliýe galplyklary ýaly bir topar günälerde aýyplanyp, 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Günsaýyn has awtoritar görnüşe eýe bolýan dolandyryş sebäpli ýurtda ýaramazlaşýan ykdysady ýagdaý her alty raýatdan birini Orsýete eklenç gözläp işe gitmäge mejbur edýär. Bu hem örän möhüm howpdur. Täjigistan öz garaşsyzlygyny alandan soň, ykdysady durnuksyzlyk, halklaryň agzalalygy we syýasy yslam ýaly täsirler ýurtda graždanlyk urşunyň turmagynda esasy roly oýnapdy. Owalky döwürde häkimiýeti öňki sowet resmileriniň öz eline alandygy barasynda nägilelik köpelen bolsa, indi häzirki döwürde ýurtda iň gowy wezipeleri prezident Emomali Rahmonyň ildeşleriniň eýeläp, beýleki sebitlerde ýaşaýanlary daşary ýurtlara eklenç gözlegine gitmäge mejbur edýändigi babatda aýyplamalar köpelýär.

XS
SM
MD
LG