Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' lideriniň ykbaly belli däl


“Talybanyň” lideri Molla Ahtar Mansuryň ykbaly beýleki baş ýolbaşçylar bilen zorlukly dawadan soň nämälimligine galýar.

Owganystanyň hökümet resmileri “Talybanyň” beýleki lideriniň Pakistanyň Kwetta şäheriniň golaýyndaky öýünde 1-nji dekabrda bolan ok atyşykda Mansuryň güýçli ýaralanandygyny we belki öldürilen bolmagyny aýtdylar.

“Talyban” bu maglumaty ret edip, ony hereketiň çäginde bölünişigi emele getirmek üçin propaganda diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtda-da şondan bäri Mansuryň özünden hiç hili habar bolmady.

“Talybanyň” metbugat-wekili howpsuzlyk çäreleriň Mansur bilen göni gepleşmegi kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

“Talybanyň” esaslandyryjysy Molla Omaryň ölümi baradaky habaryň diňe iki ýyldan soň şu ýylyň iýulynda mälim edilmegi, guramanyň soňky beýannamasyna hem ynamsyzlyk bildirilmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG