Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Para-peşgeşsiz ýurt barmy?!”


Para alýan we berýän adamlary şekillendirýän surat.
Para alýan we berýän adamlary şekillendirýän surat.

“Ol ýerde [Türkmenistanda] okuwa ýa-da işe girmek isleýän bir raýat uly möçberde para bermeli. Para bolmasa, iş ýok. Para bolmasa, okuw ýok. Onda raýatyň aladasyny edýän barmy?” – bu soragy Azatlyk Radiosynyň forumyna gelip gowşan ençeme teswiriň birinde Aly atly okyjymyz orta atýar.

Azatlyk Radiosy 7-nji dekabrda özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda “Türkmenistanda işe, okuwa girjek bolanyňyzda korrupsiýa, para-peşgeş meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýaňyzmy?” diýen forumy açdy. Azatlygyň okyjylary bu forumda dürli garaýyşlary beýan etseler-de, jemi 70-den gowrak teswiriň aglabasynda Türkmenistanda para-peşgeş meselesine ençeme pudakda duş gelse bolýandygy aýdylýar.

Mysal üçin, Aziz atly okyjymyz öz teswirinde: “Türkmenistanda 100% parahorluk bar. Hemmeler para alýar, almaýan adam diňe 1%-dir” diýip ýazýar. Myrat atly okyjymyz bolsa: “Nämäniň gürrüňini edýäňiz? Iş, okuw diýeniň näme? Para-peşgeş nirede ýok diýip soraň. Elimde näsag çaga bilen baranymda, tä peşgeşini berýänçäm, lukman çaganyň ýüzüne seretmedi. Ynha, nähili derejä geldik. Öwrenişipdiris “[parany] taşlaýaň, ýaşaýaň”. Emma beýle uzak wagt dowam etmez” diýip, öz teswirini jemleýär.

Paranyň möçberi

Käbir okyjylarymyz bolsa ýurtda işe ýerleşmek meselesinde alynýan paranyň möçberi barada hem öz tejribelerini beýan edipdirler. Meselem, Meral atly okyjymyz: “Doktorlyk okuwyny tamamlap işe ýerleşjek bolsaň, 5000 amerikan dollaryny soraýarlar. Bu parany berip, işe girdiň diýeli... Aýlyk?! Näçe aýlyk alarys? Şol puly näçe aýda gazanarys?” diýen soragy berýär.

Aziz alty okyjymyz bolsa, kärendesine ýer almakda hem para-peşgeş meselesiniň bardygyny aýdyp, “şaly ekmek üçin kärendesine ýer alanymda 1 gektaryna 200 dollar berdim. Şalyny suwa ýakmak üçin täze puldan 20 manat berdim” diýip, daýhanlaryň çekýän ejiri hakda ýazýar.

Okyjylarymyzyň arasynda kähalatda raýatlaryň para berip giren işinden hem mahrum bolýandygyny ýazanlar hem bar. Meselem, Maksuda atly okyjymyz: “Ertir-birgün biri $2.000 berse, onda hiç zat ýok ýere iş orunlaryny kemeldip, işden çykarýarlar. Şu bolşuna dowam etse [ýurtda] adam galmaýar” diýip, ýagdaýa tankydy göz aýlaýar.

Bu temadan ”Azathabar.com” websaýtymyzda öz adyny görkezmän teswir galdyran okyjylarymyzyň biri “Halal puluň hasaby bardyr, haram puluň azaby bardyr” diýip gysgajyk öz garaýşyny bildirse, Aly atly okyjymyz: “Dünýäniň iň gözel ýurduny iýip, ýok etdiler” diýip ýazýar.

Beýleki ýurtlardaky tejribeler

Forumda teswir galdyran okyjylarymyzyň aglabasy Türkmenistanda bar diýilýän para-peşgeş meselesi barada öz başdan geçiren tejribelerini, nägileliklerini beýan etseler, käbir okyjylarymyz şeýle tejribäniň beýleki ýurtlarda hem bardygyny gürrüň berýärler.

Meselem, Mähri atly okyjymyz: “Türkiýede hem şereketleriň üsti bilen işe girseň, aýlygyňyň ýarysyny, adaty usul bilen işe girseň, 200-300 amerikan dollaryny bermeli. Para-peşgeşsiz ýurt barmy?” diýen soragy goýýar.

Şol bir wagtda bu pikirler barada oňaýly ýa-da oňaýsyz garaýşyny aýtman, okyjylara käbir maslahatlary berenler hem bar. Meselem, Merdan atly okyjymyz: “Iş tapmasaňyz, gidiň pagta ekiň” diýip ýazypdyr. Allaberdi atly okyjymyz “günüňi görüp bilmeýän bolsaň, ýalan zat gürleme” diýip, “kelläňde şygyrdy bolmasa, sen nirä işe girjek?” diýip, ýurtdaky parahorluk barada öz pikirini ýazanlara garşy çykýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu teswirler Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň şahsy pikir-garaýyşlarydyr.

XS
SM
MD
LG