Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ştangaçysy 'dopingde' aýyplanýar


Umurbek (Ümürbek) Bazarbaýew
Umurbek (Ümürbek) Bazarbaýew

Türkmenistanly ştangaçy Umurbek (Ümürbek) Bazarbaýew Hýustonda geçirilen gan barlagyndan soň doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjy ulanmakda aýyplanylýar.

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) berýän maglumatyna görä, şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň Hýuston şäherinde geçirilen dünýä çempionaty mahalynda gaýtadan gan tabşyryp, barlagdan geçen sportsmenleriň ýedisiniň ganyndan doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjy ulanýandygyny görkezýän maddalar tapyldy.

Doping ulanýandygynyň üsti açylan şol ýedi sportsmeniň biriniň türkmenistanly Umurbek Bazarbaýewdigi habar berilýär. Aýdylmagyna görä, onuň ganyndan gadagan edilen anabolik steroid mesterolon maddasynyň yzy tapylypdyr.

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň resmi saýtynda aýdylmagyna görä, Umurbek Bazarbaýew, doping ulanýandygy baradaky gutarnykly karara gelinýänçä, wagtlaýyn ähli ýaryşlardan çetleşdirilýär.

Umurbek Bazarbaýew geçen gezekki dünýä çempionatynda 62 kilograma çenli agram kategoriýasynda 16-njy ýeri eýeläpdi.

Ol 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiadada 167 kilogramlyk agramy göterip, öz agramdaşlarynyň arasynda dünýäniň iň güýçli alty sportsmeniniň biri boldy.

Eger biraz yza çekilsek, Umurbekiň utuşlary 2004-2005-nji ýyllardan uç alýar. Ol 2004-nji ýylda Frederik şäherinde studentleriň arasynda geçirilen ýaryşda çempion boldy we şol ýyl London Olimpiadasynda 62 kg agramly 20 sportsmeniň arasynda 8-nji orny eýelemegi başardy, 2005-nji ýylda bolsa Medinede, ilkinji Yslam raýdaşlygy oýunlarynda kümüş medal gazandy.

Umurbek 2007-nji ýylda Çiang-Maýda geçirilen dünýä çempionatynda, şeýle-de 2011-nji ýylda Parižde geçirilen dünýä çempionatynda öz agramy boýunça iň güýçlüleriň bäşligine girdi.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy sportsmeni diýlip seçilen Umurbek Aziýada 2004-nji, 2008-nji ýyllarda geçirilen çempionatlarda hem bürünç medal alypdy.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda doglan 34 ýaşly sportsmen 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçjek Olimpia oýunlaryna gatnaşmak arzuwyny birnäçe gezek dile getiripdi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty türkmenistanly sportsmenleriň daşary ýurtlarda gazanýan üstünlikleri hakynda yzygiderli maglumat berýär. Mysal üçin, TDH 16-njy dekabrda türkmen pälwanlarynyň Orsýetde 40 medal, şol sanda 18 sany altyn medal gazanandygyny habar berdi.

Emma muňa garamazdan, resmi metbugat Umurbek Bazarbaýewe bildirilýän aýyplama barada hiç bir maglumat bermedi. Azatlyk radiosynyň bu mesele barada Türkmenistanyň sport resmilerinden pikir-garaýyş almak synanyşygy hem netijesiz boldy.

Eger gadagan edilen kuwwatlandyryjy madda ulanýandygy baradaky aýyplama doly tassyk bolsa, geljegine uly umyt bildirilýän türkmen ştangaçysyna uzak wagtlap ýaryşa gatnaşmak hukugyny ýitirmek garaşýar.

XS
SM
MD
LG