Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň lideri Pakistana barýar


Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi
Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi geçen ýylda wezipä saýlanaly bäri ilkinji gezek Pakistana sapar eder.

Modi 25-nji dekabrda Owganystana sapar etdi we prezident Aşraf Ghani bilen duşuşdy, parlamentde çykyş etdi.

“Premýer-ministr Nawaz Şarif bilen şu gün Lahorda duşuşaryn we yzyma Deli gaýdyp gelerin” diýip Modi sitirlendi.

Pakistan hem Modiniň Lahora sapar etjekdigini tassyklady.

Modi Pakistana 2004-nji ýylda bäri sapar edýän Hindistanyň ilkinji premýer-ministri bolar.

Hindistan we Pakistan onlarça ýyllap dowam edýän serhet dawalaryndan we bir-birini terrorçylykda aýyplamaklaryndan soň parahatçylykly gepleşiklere gaýtadan başlamak barada ýakynda ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG