Täze «Ýyldyz uruşlary» kinosy, häzirki bilet satylyşyndan çen tutulsa, film taryhynda satylan biletleriň ählisiniň rekordyny täzeleýär.
«Ýyldyz uruşlary: Güýç oýanýar» atly film eýýäm Kristmas gününde satylan biletleriniň girdejisi boýunça rekord goýdy, ýagny Demirgazyk Amerikada bilet söwdasyndan $49.3 million serişde getirdi.
Bu ozalky Kristmas güni rekordyndan, 2009-njy ýyldaky «Şerlok Holms» kinosynyň getiren girdejisinden iki esseden hem kändir.
«Ýyldyz uruşlary: Güýç oýanýar» filmi Demirgazyk Amerikanyň kinoteatrlarynda indi ikinji hepde bäri görkezilýär, onuň bu kontinentde on günde satylan biletlerinden jemi 530 million dollar gazanmagyna garaşylýar.