Mary şäheriniň howlularynyň birinde ýerli ýaşaýjylaryň bir topary çagalar üçin niýetläp, ulanyşdan galan tekerlerden we beýleki serişdelerden ýörite meýdança oňardylar. Bu özboluşly “Ertekiler dünýäsi” şäheriň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Ýerli adamlar meýdançanyň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilendigini aýdýarlar.
Tekerlerden ýasalan “Ertekiler dünýäsi”

1
Gazgeçirijiden asylan saýawanly towşan.

2
Meýdançada sowet döwrüniň multfilmleriniň gahramanlary krokodil Gena bilen Çeburaşkanyň şeklini hem görse bolýar.

3
Meýdançada ulanyşdan galan şkaflaryň ýüzüne hem dürli multfilmleriň gahrymanlarynyň suratlary çekilipdir.

4
Ulanyşdan galan tekerlerden ýasalan käbir beýleki şekiller.