Lebap welaýatynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralar görülýän taýýarlyk çäreleri başlandy. Oňa dürli ýaşdaky mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň we döwlet edara-kärhanalarynda işleýän käbir işgärleriň gatnaşdyrylýandygy habar berilýär. Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly fotosergi taýýarlady.
Türkmenabat Täze ýyla taýýarlanýar
1
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdylan Täze ýyl arçasy. Bu arçanyň töwereginde her gün diýen ýaly taýýarlyk çäreleriniň geçirilýändigi aýdylýar.
2
Dürli erteki gahrymanlarynyň lybaslaryna geýnen adamlar.
3
Çärä barýan talyp ýaşlary.
4
Aýazbabanyň egin-eşigini geýen ýetginjek oglan.